HabarlarReportažSöhbetdeşlik

Kowsär ABBASOWA: Reňkler dünýäsiniň Şagyzy

11-04-2021 / 16

Ykbalyň her kime eçilen gymmatlygy onuň durmuşda eýeleýän orny, lezzetli käri, zehin başarnygy bilen aňladylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap bilim almak, arzuwly käriňe eýe bolmak üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Her bir ynsan zehin dünýäsiniň eýesi bolmagy başaran wagty, ol hakyky ýaşaýşy duýmaga başlaýar. Bu ýaşaýyş onuň diňe bir özüne däl, töwreregindäkilere-de owadan dünýäni bagş edýär. Özüniň ýaşlygyna garamazdan, reňkler dünýäsinden çykan gözellik bilen owadan dünýäni döreden suratkeş gyzymyz Kowsär Abbasowa bu gün saýtymyzda myhmançylykda. Kowsäryň döredijilik ýoly biz üçin we okyjylarymyz üçin hem gyzykly bolsa gerek. Çünki Kowsäryň döredijiliginden çykan eserler bu jümlä mynasyp derejede ökdelik bilen ýerine ýetirilen eserlerdir.

-Kowsär, ilki bilen çakylygymyzy kabul edip, söhbetdeşligimize gatnaşanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gürrüňdeşligimizi surat çekmek sungatynyň aýratynlyklary barada başlaýaly.

 –Surat çekmek başarjaňlygyny, bu ugurda ökdeleşmegi men kiçilikden arzuw edýärin. Surat çekmek bilen men dünýäni özboluşly öwüşginli beýan edýärin. Meniň her zada nazarym, çekýän suratlarymyň üsti bilen beýan edilýär. Aslynda döredijilik adamlary içki duýgularyny öz başarnygy boýunça beýan edýär. Men bolsa, kalbyma ornan keşpleri kagyz ýüzünde şekiller üsti bilen beýan edýärin.

-Surat çekmek duýgusy sende haçandan döredi. Bu sowala Kowsärden öň onuň ýany bilen gelen kakasy Rustemali aga buýsançly gürrüňe başlady.

– Gyzymyz Kowsär çagalygyndan surat çekmäge höweslidi. Heniz 4-5 ýaşlarynda wagty, diwarlaryň ýüzüne çenli galam bilen surat çekerdi. Boýunyň ýeten ýerine her hili suratlary özüçe owadan edip, başardygyndan ýerine ýetirerdi.

-Kowsär, esasan nähilli suratlary çekmegi halaýarsyňyz?

– Men esasan, tebigat bilen baglanyşykly suratlary çekmegi halaýaryn. Tebigatymyzy bezeýän, gözel görkezýän ähli zatlary men döredijiligime sygdyrmaga çalyşýaryn. Tebigy zatlar hakyky döredijiligiň döremegine sebäp bolýar, bu bolsa, surat çekmek ukybymy has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Owadan gülleri, daglary, çölleri, tebigata gözellik bagş edýän ähli zatlary döredijiligimde beýan etmäge çalyşýaryn.

-Ilkinji çeken suratyňyz.

– Birinji çeken suratym diwaryň ýüzünde agajyň suraty, we kapasadan çykan guşlaryň suraty. Mazmun taýdan tebigat bilen baglanyşdyryp, erkinligiň nyşany hökmünde bu suraty çekdim. Çaga wagtyň guşlar täsin jandar hökmünde duýulýar. Olaryň asmana uçmagy, erkana ganat ýaýmagy kalbyňy heýjana salýar, käte özüňde-de ganat bolsa, asmana syýahat etseň diýip, pikir edýärsiň. Emma ynsany ruhy taýdan ganat baglap göge galdyrýan zat onuň döredijiligi we bagtly purstalarynyň köp bolmagy.

-Halypaňyz.

– Halypam Jemile Amanowa.

-Suratkeşleriň içki dünýäsi barada söz açaýalyň?

– Sungat adamsynyň islendigi, has-da suratkeşler duýguçyl bolýarlar. Sähel zada-da inçelik bilen seredýär. Eden işini tertipli we wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýar. Bir işi ýerine ýetirende, hökman öz pikirini, döredijiligini ulanýar.

-Kowsäryň häsiýetini bilmek maksady bilen, kakasy Rustemali aga hem ýüzlendik. Ol bu sowalymyza şeýle jogap berdi.

– Kowsäryň häsiýeti barada aýdanymda, ol beýleki perzentlerimden ýumşak, jogapkärli, tabşyrylan ýumşy göwnüňdäki ýaly ýerine ýetirişi bilen tapawutlanýar. Örän duýguçyl we eden işini arassa we talabalaýyk ýerine ýetirmäge çalyşýar.

-Döredijilik ýolundaky üstünlikleriňiz.

-2020-nji ýylda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli «Nakgaş döwrümiziň dessany» ady bilen geçirilen  sergide öz  döreden eserlerim bilen gatnaşyp, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi tarapyndan Hormat haty bilen sylaglandym.

Golaýda şahsy sergimi gurnadyk. Ol ýerde 50-den gowrak eser goýuldy. Bu sergä okaýan sungat mekdebimizdäki mugallymlar, halypalar, deň-duşlarym, myhmanlar gatnaşdylar. 2021-nji ýyl, ýagny şu ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragynyň eýesi boldum.

-Meşgullanýan ugurlaryňyz.

-Men surat çekmekden başga-da, sportuň ýaýdan ok atmak görnüşi boýunça meşgullanýaryn. Golaýda Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medala eýe boldum.

-Geljekki maksatlaryňyz.

Ýurdumyzda «Türkmenistan ― parahatçylyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny dabaraly bellemek meýilleşdirilýär. Şu mynasybetli «Aşgabat» atly eserimi taýýarlaýaryn. Geljekde-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna okuwa girmegi maksat edinýärin.

-Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýaş suratkeş myhmanymyz Kowsär Size, we döredijilik äleminiň wekilini terbiýeläp ýetişdiren Rustemali agam, Size köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdarys. Mundan beýläk-de reňkler dünýäsiniň Şagyzy bolup, Watanymyzyň sungat dünýäsiniň ösüşli ýollaryna mynasyp goşant goşmakda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

– Sagboluň.

 

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu