Habarlar

Eziz körpeler, ählimiz siz bilen!

11-04-2021 / 13

Çaga, eziz… juda eziz. Olar biziň durmuşymyzdaky iň uly barlygymyz, gymmatlygymyz, mähribanymyz…

Ýakynda, has takygy 10-njy aprelde “Çagalar dünýäsinde” ýurdumyzdaky iň eziz balajyklara baýramçylyk gurnaldy. Körpeleriň şatlygyny paýlaşmak üçin TÜRKMENgazet internet saýtymyz hem bu haýyrly çärä gatnaşdylar.

Aýdym-sazly çäre juda şowhunly geçirildi. Körpeler juda begendi. Sebäbi olar şol günüň “ýyldyzlarydy”.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýyl “Güneşli körpeler” atly çäre geçirilýär. Şu wagtda çenli ýetimler köşgündäki çagalar, kömege mätäç ýaşulylar üçin hem birnäçe baýramçylyklar gurnaldy.

Bu haýyrly hem gyzykly “baýramçylygyň” gurnaýjysy Wiktor Şohin.  Ol ýakynda geçirilen “Hrustal liliýa” bäsleşigiňem gurnaýjysy. Umuman, ol çäreleriň guramaçylyk işlerine jogapkär. 

Körpeleriň şatlygyna şatlyk goşmak üçin “Çagalyk dünýäsi” we “Täsin dünýä” ýaly, toparlar hem bu dabara gatnaşdylar.

 

Bu baýramçylykly dabaranyň hemaýatkärleri:

Aýlar Hojamuhammedowa;

Mähirli Zenan;

Tomus;

Semanur;

Gözel Abdykadyrowa;

Gözel düşekleri;

“Mekan” konditer önümleri;

“Maýa” öýmeler;

“Melek” dükan;

“Nagyşly güzer”.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu