HabarlarReportažSöhbetdeşlik

Çaganyň irki ösüşi hakynda peýdaly hem gyzykly söhbet…

09-04-2021 / 51

Söhbetdeşimiz: Daşoguz welaýatynyň 27-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Sähra Garlyýewa.

-Sähra mugallym, ilki bilen gürrüňimiziň başyny çaganyň irki ösüşi bilen bagly söhbetlerden başlaýaly…

-Ene gujagyndan tä şahsyýet hökmünde kemala gelýänçä her bir perzendiň geçmeli dürli ýollary bar. Ýaş aýratynlyklaryna görä, çaga ilki ene-atasynyň goldawyna mätäç bolýar. Eýýäm ýaşynyň ulaldygy saýy ol görýän hereketlerinden terbiýe almagy endik edinýär. Ilki bilen perzende terbiýe enäniň ýürek arzuwlary siňen setirleriň heňe goşulyp aýdýan  hüwdüsinden başlanýar.

Gyz eneden, ogul atadan ýa-da özlerinden uly doganlary bolsa şolaryň edýän hereketlerinden görelde almaga başlaýar. Sebäbi ahlak we ruhy taýdan beýnisi arassa perzendiň aňyna ornan hereketler, maşgalada alnyp barylýan tertip-düzgünler, aýdylýan sözler, birek-birege bolan gatnaşyklar olaryň günüň dowamynda durmuşynda gaýtalanyp, aňyna ornamagyna sebäp bolýar.

Wagtyň geçmegi bilen çagalar bagyna barýar. Ol ýerde eýýäm daş-töweregindäki terbiýeçileri, deň-duşlary bilen aragatnaşyk saklap, şolarda gowy gören gylyk-häsiýetlerini özünde gaýtalamaga bolan höwes döreýär. Terbiýeçileriniň aýdyp berýän dürli ertekileriniň, tymsallarynyň, hekaýalarynyň gahrymanlaryny öz ýanlaryndan baha berip, şondaky häsiýetleri özlerinde görmäge, şol gahrymanlara meňzemeklige ymtylýarlar.

Mundan başga-da çagalaryň terbiýe almaklaryna teleýaýlymlarda görkezilýän multfilmleriň, çagalar üçin niýetlenilen kinofilmleriň, teatrlarda sahnalaşdyrylan oýunlaryň  ähmiýeti örän uly bolup durýar.

Çünki çaganyň aňy heniz ýazylmadyk ak kagyz mysaly, şonuň üçin şol wagtda haýsy zat nähili keşpde janlansa, olar şol ýagdaýy göni kabul edýärler. Söz bilen aýdandan görýän zatlary çagalara has gowy we ýatdagalyjy täsirliligi bilen tapawutlanýar. Çagalykdan belli bir hünäriň eýeleri bolmak höwesi olarda eýýäm çagalar bagyna gatnaýan günlerinden ýüze çykyp ugraýar. Ýyllaryň dowamyndaky alan terbiýesiniň netijesinde özbaşdak pikirlenme ukybynyň uçgunlary peýda bolup başlaýar.

-Sähra, bilşimiz ýaly çagalaryň ilkinji hereketleriniň önümi bolup oýunlar çykyş edýär. Oýunlaryň çagalaryň geljegine nähili täsiri bar?

-Çagalaryň terbiýesinde we islegleriniň nä-derejede bolmagyna olaryň ýaşlykda oýnaýan oýunlarynyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Oýunlar çagalaryň görýän we eşidýän zatlarynyň jemini hereket üsti bilen öz durmuşlarynda ornaşdyrmaklarydyr. Çagalar öz aralarynda ýa-da ýekelikde oýunlaryň görnüşlerini ýerine ýetirýärler. Psihologiýada oýunlary predmetli we rolly oýunlara bölýärler.

Predmetli oýunlar. Bu oýunlar çagalaryň arasynda ýa-da ýekelikde ýerine ýetirilende predmetlerden ýagny oýnawaçlardan, iş gurallarynyň kiçi görnüşlerinden, tebigy materiallardan  peýdalanylýar. Çagalaryň palçykdan dürli oýnawaçlary ýasamaklary, tegelek içi oýuk görnüşinde palçykdan ýasalan oýnawaçlary ýere urup ýarmak görnüşinde dürli oýunlar oýnalmagy olaryň zähmete bolan höwesini artdyrýar. Bu oýun ýaryş görnüşinde alnyp barylýar. Bu bolsa çaganyň şol oýnuň üsti bilen edýän işinde ýeňiş gazanmak höwesini artdyrýar. Plastilinden ýa-da palçykdan birnäçe haýwanlaryň, miweleriň, iş gurallarynyň şekillerini ýasap, öz aralarynda biri-birinden gowy edip ýerine ýetirmäge ymtylýarlar.

Rolly oýunlar. Munda çagalar özlerinde täsir galdyran  pursatlaryndaky gahrymanlarynyň keşbine girmäge ymtylýarlar. Öýde ata-eneleriniň, doganlarynyň ýa-da bolmasa görýän filmlerindäki gahrymanlaryna meňzemäge çalyşýarlar. “Mekdepde”, “Dükanda”, «Sahnada», «Hassahanada» mugallymyň, satyjynyň, artistiň, lukmanyň keşplerini kabul edýärler. Şol sebäpli-de oýnuň dowamynda hyýalyndaky gahrymanyň edýän hereketlerini, aýdýan sözlerini özlerinde gaýtalaýarlar. Umuman munda çaga uly adam bolmaga ymtylýar we oýnuň dowamynda özüni uly adam hökmünde alyp barýar.

 –Çagalar maşgalada alýan terbiýelerine görä hersi aýratyn häsiýetli bolýarlar. Olaryň sagdyn ösmegi, psihologik taýdan özüne erk edip bilýän çaga bolmagy ugrunda alyp barýan işleriňiz barada aýdaýsaňyz.

-Çagalar baglarynda terbiýeçiler çagalar bilen aýratynlykda gyzyklanmaly we ünsli bolmaly. Olaryň deň-duşlary bilen aragatnaşygyny, özüni alyp barşyny, haýsy ugra has ýykgyn edýänini synlamaly. Käbir çagalar maşgaladaky stress ýagdaýdan ýa-da daş-töwereginde bolýan hadysalar sebäpli aň-düşünje, özbaşdaklyk babatynda yza galýarlar. Çagalarda şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda pedagogik-psihologik usullary ulanmak bilen çaganyň ol ýagdaýdan sagdyn çykmagy ugrunda gerekli işleri alyp barmaly bolýar. Gerek bolsa ata-ene bilen bilelikde maslahatlaşyp, şeýle ýagdaýyň ilki sebäbini öwrenip, soňra oňa garşy bilelikde işler alnyp barylmalydyr. «Çagadyr entek düzeler», «Bu ýagdaý geçgindir», «Kä wagty şeýle bolýar, soň gowulaşýar» diýip sowuk-sala garamak çaganyň geljegine uly täsir edip biler. Ýörite sport görnüşleri, bedenterbiýe hereketleri, sungatyň ugurlaryna gyzyklanma döredip ünsüni sowmaga ymtylmaly. Çaga bilen ýekelikde dost hökmünde gürrüňdeşlik geçirmeli, deň-duşlarynyň arasynda onuň has akylly, başarjaňdygyny aýtmaly. Çaga özünden göwni hoş bolar ýaly ýagdaýy döretmeli.

Çagalarda ýene-de köp duş gelýän halatlaryň biri-de gadagan edilen zada ymtylyşyň artmagydyr. Şol zadyň näme sebäpden gadagan edilýändigini düşündirmek zerurdyr. Çünki hemmämize mälim, haýsy-da bolsa bir zady etmeli däl diýilse, şol zada çaganyň ymtylşy has ýokary bolýar. Ýönekeýje mysal emedekläp başlan çaga saçakda duran gyzgyn çäýnegi ellemek üçin ymtylan wagty çagany ýanyndan aýyranyň, çäýnegi gizläniň ýa-da şoňa degmeli däl gyzgyndygyny aýdanyň bilen ol oňa düşünmeýär. Haçan-da şol gyzgyn çäýnege elini degirip gyzgynlygyny teninde duýsa, ikinji gezek çäýnegi görende çaga ol tarapa ymtylmaýar. Şol zat özüne zyýan berjegini bilýär. Şonuň üçin terbiýeçilik işlerini esasanda ýaş çagalaryň terbiýesinde ünsli we sada dilli bolmak, onuň bilen köpräk wagt geçirmek şol çaganyň beden we tebigy aň taýdan ösüşine gözegçilik etmek biziň ählimiziň borjumyzdyr. Sagdyn geljek, bagtyýar çagalaryň sagdyn terbiýesinden başlanýar.

-Sähra mugallym, saýtymyzyň döredijilik toparynyň adyndan beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Eden söhbetdeşligimiz okaýan okyja-da öz täsirini ýetirer diýip umyt edýäris. Çünki her maşgalanyň göz guwanjy bolan çagalaryň terbiýesi barada gürrüň hiç birimizi biparh goýmasa gerek.

 

Şirin ŞIRLIÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi. 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu