HabarlarPsihologiýa

Uky…

09-04-2021 / 21

60 ýaşan adam ömrüniň 20 ýylyny ýatyp geçirýär diýsek, bu birbada juda elhençlik, geň ýaly görner. Geň görünse-de onuň şeýledigi ikuçsyzdyr. Sebäbi adam bedeniniň kadaly ösmegi, işlemegi, berkemegi üçin uky hem oňa edil suw, iýmit, howa ýaly zerurlyklaryň biridir.

Adam agzalaryndan dynuwsyz işleýän diňe ýürekdir diýsek ýalňyşmarys. Ýöne ýürek hem edil beýleki agzalar ýaly gönüden-göni beýniniň tabynlygynda durýar. Ýürek beýnide geçýän dürli reaksiýalar esasynda döreýän tolgunmalar, gynanç-begenç, gorky-ürki netijesinde işleýiş kadasyny üýtgedip durýan hem bolsa, beýin dynç alýan mahalynda, adam uklan mahalynda ol hem urmasyny has haýalladýar. Bu bolsa onuň özboluşly dem alyş pursatyny aňladýar. Diýmek, beýni rahatlanan mahalynda- adam uklanda onuň bütin bedeni dynç alýan eken.

Uky ömür boýy hemraň bolsa-da dynuwsyz däldir, ol üýtgäp durýar. Bu ýagdaý beýniniň ösüşi, ukyby, onuň merkezleriniň hem öýjükleriniň sazlaşykly işi bilen, iň soňunda bolsa adamynyň ýaşynyň gaýtgyny bilen içgin baglanyşyklydyr.

Heniz seredip otursaň, çagajyklar, has dogrusy bäbejikler, uly adamlara garanyňda, has köp ýatýarlar. Olar gije-gündiziň agramly bölegini, ýagny 16 sagadyny diýen ýaly ukuda geçirýärler. Sebäbi çagajyklaryň beýnisi heniz bekemänkä has gowşajyk, ejizje bolansoň tiz ýadaýar, ol dynç almaga – uka häli-şindi mätäç bolýar. Sähel wagtda surnugyp duranja beýni dynç alanda çaga süýji uka gidýär. Ýagny il arasynda aýdylşy ýaly, “guzy ýaljak ýatyr”. Şeýle ýagdaýda oňa töwereginde bolup geçýän zatlar- ses, güýçli galmagal, duýdansyz bolaýmasa, känbir täsir edip durmaýar.

Adam çagalykdan saýlanyp, agy-garany saýgaryp başlanyndan soň, köplenç gije-gündiziň dowamynda 7 sagatlyk uky bilen kanagat edýär. Şonuň üçin hem adamlaryň aglabasy hemişe 7 sagat  ýatmalydyr öýdüp pikir edýär. Emma bu beýle däldir. Ýaş könelişip, adam garradygyça onuň ukusynyň dowamlylygy dura-bara gysgalyp, 4-5 sagada gelýär. Düzgün-nyzamyň köpçülikleýin berjaý edilýän ýerlerinde hut şu nukdaýnazardan hem ugur alýarlar. Bu umumy düzgün-nyzamyň talabyna laýyklykda girizilen kada bolsa-da, adamlar üçin onçakly oňaýly däldir. Sebäbi hemme adamlaryň beýnisi şol bir wagtda, şol bir möçberde uky talap etmeýär. Olaryň käbirini kadaly hökmünde kabul edilen ýedi sagatlyk uky kanagatlandyrýan bolsa, ýataganraklara, kemsiz dynç alyp turmak üçin sekiz-dokuz sagat wagt gerek bolýar.

Ýene birnäçe adam, munuň tersine 4-5 sagatdan soň, kemsiz ukusyny alyp turýar. Ine, şu ýerdenem uky babatynda hemme kişi üçin şol belli bir kadanyň hökman däldigi ap-aýdyň bolýar. Kim näçe sagat ýatyp, kemsiz dynç alyp turýan bolsa, diýmek, özüne gerek kadaly ukyny alandygydyr.

Artyknur NOHUROW,

“Maşgala durmuşy”.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu