HabarlarTagamlary taýýarlamak

Öýde buzgaýmak

09-04-2021 / 29

Salam mähribanlar.

Bu gün öý şertlerinde buzgaýmagyň  taýýarlanyşyny öwreneliň. Belki käbiriňiz eýýäm, birnäçe gezek öý şertlerinde buzgaýmagy taýýarlan hem bolsaňyz, biz hem öz tejribämiz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Taýýarlajak buzgaýmagymyz 2 adamlyk.

Gerekli önümler: 1 sany ýumurtga, 2,3 nahar çemçesi şeker, 1 bulgur süýt, 1 sany wanilin.

Taýýarlanyşy: Kiçiräk gazanyň içinde ýumurtga, şeker we wanilini çyrpmaly. Soňra üstüne süýdi guýmaly. Orta derejeli otda süýtli garyndymyzy yzygiderli çyrpyp durmaly. Gaýnap başladygy, otdan aýyrmaly.

Garyndyny sowatmaly, gapakly gabyň içine guýmaly we doňduryja (holodilnige) goýmaly. 4-5 sagat durmaly. Bu aralykda arasynda buzgaýmakda buzlar emele gelmez ýaly, 4-5 gezek garyndynyň gapagyny açyp garyp durmaly.

Taýyn bolansoň, islegiňize görä bezäp, iýibermeli)

Işdäňiz açyk bolsun, mähribanlar!

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu