HabarlarŽurnalistiň sahypasy

Türkmen alabaýy örän akylly itdir

09-04-2021 / 9

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli gymmatlyklarymyz baradaky taryhy maglumatlary toplap, giňişleýin we çuňňur öwrenip ajaýyp eserleri halkymyza peşgeş berýär. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda bu tohum itleriň gelip çykyşy we ösdürilişi hakynda gymmatly maglumatlar berilýär.

Türkmen alabaýy örän akylly itdir. Ol öz çägini sak gorap, oňa nätanyş adamyň aralaşmagyna ýol bermeýär. Alabaý öz eýesiniň biri bilen dostlarça gürrüňdeş bolup duranyny görse, ol şol adamy hemişelik ýadynda saklaýar. Indiki gezek alabaý şol adamy gaharly hyrlamak bilen däl-de, çasly üýrmek bilen garşylap, eýesine onuň tanşynyň gelendigini duýdurýar. Alabaý özüniň eýesini, onuň öýüni, çagalaryny goraýar.

Bu itleriň mesgen tutan ýerleri Türkmenistanyň gadymy oturymly ýerlerinde duş gelýär. Mysal üçin, arheologlar Ahal welaýatynda ýerleşen Jeýtunda biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllykda ýaşap geçen, uly kelleli hem-de kuwwatly äňli äpet itiň galyndylaryny ýüze çykarypdyrlar. Meşhur arheolog W.I.Sarianidi köpýyllyk ylmy barlaglaryň barşynda Marguşda biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyklardaky ýaly itleriň ýörite jaýlanan ýerleriniň köp sanlysynyň dünýäniň başga hiç ýerinde duş gelmeýändigi baradaky netijä gelipdir. Alabaýlaryň jaýlanan ýerleri hat-da Goňuryň patyşa gonamçylygynda hem ýüze çykarylypdyr. Şeýle mazarlaryň üsti başga ýerlerde-de açyldy. Gadymy Marguş döwletiniň Ajyguýy diýen oturymly ýerinde Ligabuýe ylmy barlag merkeziniň ekspedisiýasy (Wenesiýa, Italiýa) professor G.Rossi-Osmidanyň ýolbaşçylygyndaky arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň barşynda iri tohum itleriň galyndylary tapyldy. Polşanyň Adam Miskewiç adyndaky uniwersitetiniň radiokarbon barlaghanasynda geçirilen seljermäniň esasynda bu galyndylaryň biziň eýýamymyzdan ozalky 2400 – 2220-nji ýyllara degişlidigi anyklanyldy.

Marguş Gadymy Müsür, Hytaý, Hindistan we Mesopotamiýa bilen birlikde dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri, zoroastrizmiň — otparazçylyk dininiň dörän ýeri bolupdyr. Arheolog W.I.Sarianidi dünýäniň beýleki dinleriniň ýekejesinde-de zoroastrizmdäki ýaly, itiň şeýle uly hormat-sarpa eýe bolmandygyny belleýär. Bu diniň keramatly kitaby bolan Awestada adamyň dört aýakly dosty barada örän köp ýakymly sözler aýdylýar. Günorta Türkmenistanda ýüze çykarylan arheologiki tapyndylar dört müň ýyl mundan ozal Altyndepede uly gulluk itleriniň ýaşandygyny tassyklaýar.

Alymlar alabaýlaryň toýundan şekiljiklerini diňe gadymy obalarda däl-de, eýsem, antiki eýýamyň we orta asyrlaryň uly şäherleriniň ýerleşen ýerlerinde hem ýüze çykarypdyrlar. Mysal üçin, Mary welaýatyndaky Gäwürgala harabalygynda ýüze çykarylan tapyndylar biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlaryna degişlidir. Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen arheologik barlaglaryň barşynda tapylan bir ritonyň ýüzünde hem daýaw alabaýyň şekilini görmek bolýar.

Şeýlelikde, miladydan öňki II asyra degişli Nusaý şazadalaryndaky itiň şekili gadymy Merwiň Goňurdepe, Gäwürgala ýaly ýadygärliklerinden tapylan it süňkleri, küýzegärçilik önümlerindäki it şekilleri, itiň heýkeljikleri ýaly taryhy-arheologik tapyndylar ynsan bilen bu wepaly janawaryň dostlugynyň örän gadymy eýýamlardan bäri dowam edip gelýändigine şaýatlyk edýär. Halkyň durmuşynda düýpli orun tutan islendik zat onuň dilinde-de yz goýýar. XI asyrda ýaşan dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly meşhur sözlüginde itiň eýesine wepadarlygy, hüşgärligi, ugurtapyjylygy hakda nakyllardyr aýtgylaryň onlarçasy getirilipdir. Şol nakyllaryň birinde şeýle diýilýär: «Ýazyda (ýaýlada, sährada) böri uwlysa, öwde (öýde) it bagry tartyşur (bagry awar, ýüregi gyýlar)».

Türkmen halky iti ýetişdirmek işinde-de ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasyna, ýakyn kömekçisine öwrüpdir. Bu ýakyn gatnaşyk türkmeniň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Itiň häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ertekilerdir rowaýatlaryň, matallardyr tymsallaryň bir topary döredilipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň altmyşdan gowragy ýerleşdirilipdir. Olardan «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «Itim — gutum» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.

Türkmençilikde, esasan-da oba ýerlerinde her öýde diýen ýaly it saklanylýar. Bu bir tarapdan, hojalygyň goragy üçin zerur bolsa, ikinji tarapdan, it özüniň eýesi hem-de onuň maşgalasy hakda gowy zatlary dileg edermiş, eýesine çirksiz wepaly janawaryň dilegi-de kabul bolarmyş diýlip ynanylypdyr. Perzentsöýer türkmen halky hemişe baş döwletini birinji orunda goýup gelipdir. Şeýle bolansoň, itiň öz eýesi babatdaky ýagşy dileglerini hem öz göwün telwasy bilen baglap, şoňa görä tymsal döredipdir: It diýermiş: «Hojaýynmyň Ogly bolsun alty sany, Alty ogluň her birisi Berer maňa döwüm nany, Etin iýip, maňa oklar Olar her gün omaçany». Akylly türkmen itiniň ýene bir gowy häsiýeti – ol çaga degmeýär. Muny türkmençilikde nesilme-nesil ýöredilip gelnen bir dessurdanam görmek bolýar. Öňki döwürlerde biriniň çagasy durmazak bolsa, soňky doglanja bäbejigi gundap, gundag bagyna-da bir döwüm çörek gysdyryp, ony itiň öňünde goýupdyrlar. Item bäbejigi ysgaşdyryp görýär-de, onuň özüne degmän, gundag bagyna gysdyrylan çöregi alyp, aňyrrakda iýmäge durýar. Bu yrymly dessury berjaý edip duranlaram: «Ana, gördüňizmi, bu oglumyzy item almady, indi ony derdem almaz» diýip, itiň bu akylly hereketini ýagşylyga ýorýarlar. Oglanjygyň adyna-da Italmaz goýýarlar.

Türkmen alabaýy hakynda halk döredijiligimizde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamyndaky synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdirler. «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «It geldi, gut geldi» ýaly nakyllar, «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýen aýtgy muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançak we düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlary salypdyrlar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Hormatly Prezidentimiz ýeňişleriň nyşany bolan Türkmen alabaýlaryň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýar. Döwletimizi berkarar, durmuşymyzy bagtyýar eden hormatly Prezidentimiziň gadamy batly, ýollary şöhratly bolsun, jany sag, ömri uzak bolsun!

              Aýsenem ATAÝEWA,

              Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu