“AŞGABAT” MYHMANHANASY
Paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän köp sanly kaşaň myhmanhanalar bar. Şeýle myhmanhanalaryň biri hem ak şäherimiziň görküne görk goşýan, bezeg aýratynlyklary dünýä ülňülerine laýyk gurlan “Aşgabat” myhmanhanasydyr. Ýaşaýyş şertleri we tehniki üpjünçiligi boýunça myhmanhana iň ýokary halkara derejesine gabat gelýär. Myhmanhananyň interýerleri nusgawy usulda milli bezegiň elementlerini ulanmak arkaly ýerine ýetirilipdir.
“Aşgabat” myhmanhanasy 15 gatdan ybarat bolup, onda 1956 müşderä niýetlenen, 738 sany otag bar. Otaglar ýokary hilli tehniki enjamlar bilen üpjün edilen. Otaglarda ýazuw stoly, geýimler we goşlar üçin mebeller, VIP otaglarda goşmaça jakuzin wannasy we kiçi naharhana, gyzdyryjy enjamlary ornaşdyrylan. Mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen otaglarda ýiti uçly we jana howply enjamlar oturdylmadyk. Ähli otaglar arassaçylyk esbaplary, uly we kiçi süpürgiçler, ýeňil aýakgaplar bilen üpjün edilen. Myhmanhananyň 1-nji gatynda 500 orunlyk milli daşary we Ýewropa ýurtlarynyň tagamlaryny taýýarlaýan restoran, 500 orunlyk köp ugurly mejlisler zaly bar. Ol zalda ýygnaklary we maslahatlary ýokary derejede halkara ülňülerine laýyklykda geçirmek üçin 2 sany tehniki enjamlary bilen doly üpjün edilen terjime otaglary bar. Zala ýanaşyk kofe-breýk we arakesme naharlar üçin özbaşdak aşhana ýerleşýär. Mundan başga-da, 112 orunlyk Lobbi bary, billiard otagy, daşary ýurt pullarynyň alyş-çalyş nokady, basseýn, fitnes zaly, dükanlar, milli egin-eşik, şaý-sepleri, sowgatlyk dükanlar bar. Myhmanhananyň 15-nji gatynda 142 orunlyk Skaý bary ýerleşýär.
Ajaýyp binalaryň mesgeni bolan ak şäherimiz milli Liderimiziň saýasynda, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şanly seneleri – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, şeýle-de merjen şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýlaryny uly dabara bilen bellär. Bu şanly seneler mynasybetli ak şäherimiz toý donuna beslenýär. Şäheriň ähli gözel ýerlerinde ýerleşdirilen toý çagyryşly ýazgylar, toý gutlaglary paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.