Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry ýurdumyzyň iň esasy teatrlarynyň biri hasaplanýar. Bu teatryň gadymdan gelýän baý taryhy bardyr. Teatr Aşgabat şäherinde ilkinji gezek 1941-nji ýylda “Türkmen opera we balet teatry” ady bilen 1937-nji ýylda döredilen wokal we balet bölümleri studiýasynyň esasynda döredildi. 1941-nji ýylda teatrda Tamara Walerianowa fon Aderkas tarapyndan ýazylan, kompozitory Georgiý Nowewiç Kahiani bolan ilkinji “Bagşynyň ykbaly” operasy sahnalaşdyryldy.
1956-njy ýyldan bolsa bu teatr “Magtymguly adyndaky Türkmen opera we balet teatry” diýlip atlandyryldy. Meşhur türkmen kompozitorlary Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Daňatar Öwezow teatryň ösüşine işjeň gatnaşdylar. Teatryň ilkinji saz kompozisiýalary rus we ukrain kompozitorlary bilen bilelikde döredildi. Çykyşlaryň arasyndan Şapoşnikowyň we Öwezowyň “Şasenem we Garyp” (1944), “Aýna” (1957), Meýtus we Öwezowyň “Leýli we Mejnun” (1946), “Kemine we Kazy” (1947) we “Zöhre we Tahyr”(1953) operalaryny görkezip bolar. 1955-nji ýylda teatr “Gyzyl baýdak” ordeni bilen sylaglandy. 1960-njy ýyllarda we 1970-nji ýyllaryň başynda teatr milli repertuara ünsi jemledi. Şol sanda, ýaş türkmen kompozitorlary aýdym-saz we sahna eserlerinde işjeň işlediler. “Zöhre we Tahyr”, “Abadan” operasy kollektiwiň döredijilik ýolunda möhüm tapgyra öwrüldi. Teatrda Meýtusyň “Sona” (1964), Agajykowyň “Aladaly gije” (1969), Nuryýewiň “Otly ýürekler” (1974 ) we “Magtymguly” (1962) ýaly operalar hem-de “Ajaýyp tebigat”, Kulyýewiň “Bagt” (1970), …Agajykowyň “Firýuza” (1974), Kulyýewiň “Gumdan tapylan ýürek” (1975) ýaly baletlerш sahnalaşdyryldy. “Weli” operasynyň sahnalaşdyrylmagy Türkmenistanyň teatr durmuşynda uly waka boldy.
Bu teatr “Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry” diýen at bilen täzeden 2001-nji ýylyň 3-nji aprelinde esaslandyryldy. Teatryň täze binasy 2004-nji ýylda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda uly gümmez we ak mermer sütünler bilen nusgawy görnüşde guruldy. Teatr zaly 800 adama niýetlenendir. Birinji gatda 576 oturgyç we 224 adamlyk balkonlar bar.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry ýurdumyzyň esasy teatrlarynyň biridir. Bu teatrda köp ýyllap zähmet çeken we häzirki wagtda hem zähmet çekip gelýän belli ussat artistlerimiz işleýär. Bu artistlerimiz özleriniň çykyş edýän ajaýyp sahna oýunlary bilen halkyň söýgüsine mynasyp boldylar. Teatrda Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, A.Annakulyýewa, H.Annadurdyýew, M.Şyhberdiýewa, R.Turaýewa, O.Hannyýewa, Ö.Gelenowa ýaly, belli ussat halk artistlerimiz hem zähmet çekipdirler. Şu meşhur ussatlarymyzyň medeniýet äleminde bitiren uly işleri ýurdumyzyň teatr sungatynyň abraýynyň barha ýokarlanmagyna getirdi.
Aýmaral IŞANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.