Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat – Aziýanyň merjeni” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda geçirilen bu maslahata institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda ylmy işgärler Aşgabat şäheriniň döredilen wagtyndan şu gününe çenli geçen taryhy ýoly we häzirki wagtda gurluşygy amala aşyrylýan binalar toplumy barada ylmy maglumatlar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda institutyň professor-mugallymlary özleriniň we talyp ýaşlaryň ýazýan makalalarynda hem-de telegepleşiklerde edýän çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz Aşgabadyň waspyny giňden beýan edýändikleri barada aýratyn belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşleriň bedew bady bilen öňe alyp barýan, Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabady ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.