Habarlar

Üns beriň: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Döwlet dolandyryşy” boýunça okuw öz işine başlady

06-04-2021 / 15

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ýurdumyzda ökde döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda uly işleri durmuşa geçirýär. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan oňyn we oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, akademiýanyň professor-mugallymlary irginsiz zähmet çekýärler.

Ýakynda Ýewropa Komisiýasynyň “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” atly taslamasynyň çäklerinde “Döwlet dolandyryş” MPA (Master of Public Administration)  ugry boýunça taýýarlanylan magistr okuw maksatnamasynyň ilkinji leksiýasy geçirildi. 72 sagatlyk gysga möhletli synag okuwlary 2021-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirmegi meýilleşdirildi.

Okuwlar 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden 15-nji maýyna çenli her hepdäniň duşenbe, anna, şenbe günleri akademiýada, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, günleri bolsa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz binasynda onlaýyn görnüşinde halkara we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda sagat 16:30 – 18:00 aralygynda geçiriler.

…Şol gün, bize hem žurnalist hökmünde bu ýokary derejeli çärä gatnaşmak miýesser etdi. Akademiýanyň bosagasyndan ätläniňden edilýän işleriň iňňän uludygyna göz ýetirýärsiň. Eýsem, bu ajaýyp ylym ojagynda ylymda, döwlet işinde özüni tanadan ökde mugallymlar barka, edilýän işler neneň ähmiýetli bolmasyn. Dabara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalaryndan, ministrliklerinden wekiller geldiler.

Dabara başlanýar. Ilki bilen giriş sözi bilen taslamanyň ýolbaşçysy Folkert Milh sanly wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edýär. Soňra taslamanyň utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy Babahan Berdiýew öz giriş sözi bilen çykyş edýär.  Leksiýanyň ilkinji temasy: Dolandyryş psihologiýasy. Okuwyň yzygiderliligi sorag-jogap arkaly dowam etdi. “Döwlet dolandyryşy” boýunça gysga möhletli okuwyň açylşyna we 1-nji leksiýasyna žurnalist hökmünde gatnaşsamda, Babahan mugallymyň leksiýasyna gyzygyp gidipdirin.

Ilkinji leksiýasy eýýäm geçirilen bu okuwyň juda peýdaly boljakdygy ikuçsyzdyr. Okuwa gatnaşyjylaryň ählisine uly üstünlikler arzuw edýäris.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu