Habarlar

Aýdym-saz täzeligi

05-04-2021 / 20

Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýyl dünýäniň dürli künjeginden zehinli aýdymçylaryň gatnaşmagynda “Ýewrowideniýa” aýdym-saz bäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşigiň gurnaýjylary dünýäde dörän koronawirus ýokanjyna garamazdan, şu ýylyň 12-16 maý aralygynda Rotterdamda tomaşaçylaryň hem gatnaşmagynda bäsleşigi geçirmegi meýilleşdirýärler.

Niderlandiýanyň hökümeti konsert zalynda 3500 adamyň gatnaşmagyna rugsat berdiler. Tomaşaçylar we gatnaşyjylar “Ahoy” arenasynda geçiriljek “Ýewrowideniýa” bäsleşigine gatnaşmaga, tomaşa etmäge gelmezden ozal, koronawirusyň testinden geçmelidirler.

“Ýewrowideniýanyň” ýerine ýetiriji direktory Martin Osterdal “Adamlaryň howpsuzlygy we saglygy bäsleşigi gurnaýjylaryň öňde goýýan baş wezipesidir” diýip belleýärler.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu