HabarlarSiziň üçin...

Gadymy tehnologiýalar boýunça halylary dikeltmek

04-04-2021 / 15

Awtory: Ogulgerek DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň agzasy.

Türkmen zenanlary tebigatyň gözelliginden nusga alyp, täsin sungaty döredýärler.

Menem halyçylyk temasyny hünär taýdan hem, ruhy taýdan hem özüme ýakyn hasaplaýaryn. Çagalykdan men gadymy çuwallary, horjunlary we beýleki dokmaçylyk önümleri köp synlaýardym, çünki olar her bir türkmen maşgalasynda duş gelýär we nesilden-nesle miras galdyrylýar. Bu halylar asyrlaryň jadylaýjy güýjüni özünde saklaýar, olary synlan wagtynda gadymyýetiň ruhuny duýmak bolýar. Gadymy halylar näme üçin «janly» görünýärkä diýip men özümden soraýardym. Bu ýerde belki ösümlik boýagynyň ýa-da el senediniň täsiri bardyr, halyçy gyz-gelinler bary-ýogy günde 300 gram ýüplügi egirmek bilen, kiçiräk haly üçin bolsa takmynan 12 kg ýüplük gerek bolýandygyny nazara alsaň, ençeme hysyrdyly işleriň ýerine ýetirilýändigini aýtmak bolar. Ýüplügi boýamak bilen zerur bolan reňk alynýança, birnäçe aýyň dowam edilýän bu işler, gör näçe zenan elleri şol ýüplükleri yhlas bilen boýagly gaba salyp çykarýandyr. Halyçy zenan ýüplük ýumagyny eline alanda ol eýýäm, köp zähmeti we yhlasy özünde jemläp, gadymy halylarymyza aýratyn mähri çaýýandygyny görünýär.

Häzirki wagtda haly kärhanalarynda ajaýyp halylary dokaýarlar, olar özüniň owadanlygy we gaýtalanmaýan özboluşlulygy bilen kalbymyzy joşdurýar. Bu halylar ýüň egriji enjamlar arkaly öndürilip, ýüplükden dokalandyr. Meniň işimiň maksady gelin-gyzlarymyzyň köneden gelýän däbi boýunça elde taýýarlanan argaç bolsun, eriş ýa-da çitim ýüplügi bolsun, entek önümçilik prosesleri ýola goýulmadyk wagtlarynda dokma serişdelerini almagyň, ösümlik boýaglaryny ulanmak bilen boýamagyň usullaryny barada usulyny açyp görkezmek.

Hormatly Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda türkmen halysynyň gelip çykyş taryhyny öwrenip, köpsanly delilleri toplan A.A.Felkerzam, G.A.Pugaçenkowa ýaly alymlaryň atlaryny tutup, türkmen halkynyň milli sungaty öwrenmek boýunça işlere uly guwanç bilen garaýandygyny ýazýar.

Alym Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Ýöne heňňamlaryň aňymyza guýan bir hakykaty bar. Atalar diňe bir ogullarynyň ganynda gaýtadan dirilip, olaryň ýaşaýşyna gaýtadan dowamat berip bilýärler. Atalaryň barlygy biziň göze ilmeýän ýaşyrynlygymyzda ýaşaýarlar. Atalaryň barlygyny özünde janlandyrmak bolsa ogullaryň mertebeli borjudyr». Men bu setirleri uly tolgunma bilen okaýaryn. Her bir türkmen zenanyň ganynda genetiki ýatkeşligi ýaşap gelýär. Kalbynda höküm sürýän intuitiw depgin duýgusyna we kalbynyň ahwalyýetine diň salýan, hakykatdan hem beýik we ýiti nakgaş müňýyllyklaryň ýadyny özünde göterýän halylary döretmäge ukyplydyr.

Rus etnografy S.M.Dudin öz makalalarynda türkmen halylarynyň türkmen halkynyň çarwadarlyk we üzňelik durmuş şertleri sebäpli biziň günlerimize çenli üýtgewsiz diýen ýaly gelip ýetendigini belleýär. Haly sungaty aslytnda türkmeniň kalbyna we ganyna siňendir.

Käbir alymlaryň türkmen halylarynyň senelerini anyklamaga bagyşlanan işlerinde şeýle mysala duş geldim. Iki haly parçasynyň arasynda 300-350 ýyl ýatyr. Muňa garamazdan iki haly parçasynyň nagyşlary bir-biriniň nagyşlaryny jikme-jik gaýtalaýar, şunuň bilen birlikde seredilýän önümleri bilelikde hronologiki tertipde ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän özboluşly görkezijiler anyklanylmandyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» we «Janly rowaýat» atly kitaplaryndan öwrenen maglumatlaryň maňa bu işimde goldaw berdi. Şol kitaplar maňa ösümlik esasynda halyçylyk tärlerini we boýagyň usullaryny has çuňňur we elýeter görnüşde öewrenmäge ýardam etdi. Meselem haýsy ýüňi ulanmagyň has gowy boljakdygy. Hormatly Arkadagymyz öz kitabynda goýunlaryň ýüňlerini goýnuň boýnunyň we garnynyň aşaky böleginden alynmalydygyny aýdýar, ol ýaz gyrkymynda alynsa has ýumşak we nepis bolýar. Şol görkezmelere laýyklykda, elde egrilen ýüplük taýýarlanyldy, tejribe hökmünde birnäçe kiçiräk halylar dokaldy. Şunuň bilen birlikde, men Moskwadaky we Aşgabatdaky haly muzeýlerine baryp, türkmen halylarynyň ajaýyp kolleksiýasyny synladym. Halyny taýýarlamakda çig mal diýseň möhüm tapgyrdyr, aslynda ähli tapgyrlarynyň hem wajypdygyny aýtmak gerek.  Halyçylykda üç zadyň tehnikanyň, reňk sazlaşygynyň we nagyşlaryň esasy düzüm böleklerini emele getirýändigi barada pikir giňden ýaýrandyr.

Üç ýyllyk barlaglardan we synaglardan soň dürdünji element hökmünde çig maly teklip etmek isleýärin. Aslynda üç elementlerimiz hem şol dördünji elementde esaslanýar. Elde egrilen eriş uzyn ýüňden taýýarlanylýar, şeýle ýüňi darakda daramak bilen alýarlar. Saýlanyp alnan ýüňüň düzümine tüý saçy girmeli däldir, ýüň ýumşak we çeýe bolmalydyr. Eriş egirýän halyçy gelin-gyzlar has gaty ýüňüň (tüý saçy köp garylan ýagdaýynda) daralanda typýandygyny «biri-birisi bilen ilteşneýändigini» belleýär. Egirme prosesi süýmüň ýüzündäki «teňňeleriň» biri-birine «ilteşmeginiň» hasabyna amala aşyrylýar. Elde egrilen eriş halynyň dokalan wagtynda hem asla üzülmeýär. Biziň bilelikde işleşen gelnimiz elde egrilen erşiň halynyň boýy ýetdigiçe, has köp süzülýändigini, maşynda egrilen erşiň halynyň ýaryna ýetende dura-bara gowşaýandygyny gürrüň berdi. Her bir halynyň erşini bir egriji zenan ýerine ýetirmelidir, ýagny haly üçin eriş bir elden geçmelidir. Onuň towlanma derejesi birmeňzeş bolmalydyr. Munuň özi dokma stanogyna çekilenden soň, halynyň tutuş boýuna birmeňzeş çekilmegini üpjün etmek üçin zerurdyr.

(dowamy bar)

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu