Ak şäherimiz Aşgabat özüniň ajaýyp gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan ajaýyp binalary sanasaň sogaby köp diýleni. Şeýle ajaýyp gözellikleriň biri hem Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrydyr.
Türkmenistanyň häzirki Mollanepes adyndaky talyplar teatry 1929-njy ýylda esaslandyrylýar. Ol 1926-njy döredilen Türkmen drama studiýasynyň esasynda döredildi. Teatr açylan gügnden başlap türkmen halkynyň milli durmuşyny açyp
görkezýän oýunlar bilen öz repertuaryny baýlaşdyrdy. Onda ilkinji goýlan sahnalar hökmünde Haldurdynyň “Galyňsyz”, Gogolyň “Derňewçi”, Jabarlynyň “1905-nji ýyl”, A. Garlyýewiň “Aýna”, A. Gowşudowyň “Juma”, G. Burunowyň we B.Amanowyň “Keýmir kör” eserlerini aýdyp bileris. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edebiýatyň ägirtleri hasaplanýan B. Kerbabaýewiň, A. Kekilowyň, K. Smirnowyň eserleri esasynda teatrda sahnalaşdyrylan oýunlar sowet halkynyň faşistlere garşy alyp baran gahrymançylykly söweşlerini açyp görkezdi.
Dürli ýyllarda teatryň sahnasynda sahnalaşdyrylan eserleriň içinde halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazanyp, birnäçe baýrakly orunlary gazananlary hem diýseň köp. Olaryň içinden iň esasylary hökmünde “Allan aganyň maşgalasy”, “30-njy ýyllar”, “Günäsiz günäkärler”, “Otello”, “Söýginiň taryhy”, “Aýgytly ädim”, “Ykbal”, “Hazynalar adasy”, “Emiriň ilçisi” we ş.m. sahna eserlerini getirip bileris.
2007-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry hormatly Prezidentimiziň karary esasynda durky täzelenip, ulanylmaga berildi. Bu teatr Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr fakultetiniň talyplary bilen ýakyndan işleşýär. Teatryň tomaşaçylar zaly iki gatdan ybarat bolup, 641 tomaşaça niýetlenendir. Teatrda taýýarlyk geçmek üçin ýörite otag, tansçylar üçin tans zaly bar. Mollanepes adyndaky talyplar teatry döredilenine kän wagtyň geçmändigine garamazdan köp sanly ajaýyp spektakllary sahnalaşdyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy.
Teatrda dürli ýyllarda “Galkynan göwünler”, “Mollanepes”, “Söýginiň güýji”, “Juwan kalbym joşanda”, “Ýediniň enesi”, “Kämillige ýol açan döwür”, “Toý”, “Bagtýarlygyň şapagy”, “Kabyl bilen Habyl”, “Bir bakyşda söýen ýarym”, “Durna umydy” ýaly onlarça sahna eserleri sahnalaşdyryldy. Şeýle ajaýyp eserler bolsa Mollanepes adyndaky talyplar teatryny paýtagtymyzyň iň gelim-gidimli medeni ojagyna öwürdi.
Şir SÖÝÜNGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.