Türkmen halkynyň ylym-bilime, kitaba bolan söýgüsini we hormatyny biz N.Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyny okanymyzda hem göz ýetirýäris. Şol döwürlerde-de özüniň ýekeje kitabyny hiç bir mala çalyşmadyk türkmen şu günler hem kitaba uly sarpa goýup bilýär. Milli Liderimiz:“Kitaphana – ýurdumyzyň medeni-bilim babatda ýeten derejesiniň, ilatyň paýhas ösüşiniň görkezijisi” diýip, belleýär we halkymyzyň ähli döwürde kitaba aýratyn ähmiýet berendigini nygtaýar.
2007-nji ýylda Aşgabatda Döwlet medeniýet merkeziniň binalar toplumy, şol sanda Döwlet kitaphanasynyň täze kaşaň binasy açyldy. Soňra ýurdumyzyň Daşoguz, Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda täze kitaphana köşkleri guruldy. Munuň özi kitaphana işiniň maddy – enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, oňa dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan anyk çärelerdir.
Häzirkizaman maglumat jemgyýeti milletiň medeni – ruhy gymmatlyklaryny saklamakda durmuşyň ähli ulgamlarynda talap edilýän bilimiň kemala gelmegini we toplanmagyny şertlendirýän ykdysadyýeti, ylmy, tehnikany we bilimi ösdürýän ulgamda möhüm orny eýeleýän kitaphanalaryň işini guramaga bolan täzeçil çemeleşmeleri talap edýär. Şol sebäpli-de, welaýatlardaky ýerleşýän kitaphanalary sanaman, eýsem diňe paýtagtymyz Aşgabatdaky kitaphanalary hasaba alanymyzda hem olaryň sany 10-dan geçýär. Ýagny, olara mysal hökmünde “Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy”, “Bazar Amanow” adyndaky çagalar üçin niýetlenen kitaphana, “Kerler we körler” üçin niýetlenen kitaphana, “EAC” kitaphanasy, “Berdi Kerbabaýew” adyndaky kitaphana, “Magtymguly” adyndaky kitaphana, “Nury Baýramow” adyndaky kitaphana, “Mollamurt” adyndaky kitaphana, “Gurbannazar Ezizow” adyndaky kitaphana, ýaly kitaphanalary görkezmek bolar.
Görşümiz ýaly, kitaphanalaryň aglaba bölegi ata Watanymyzda ýaşap geçen ýazyjy- şahyrlarymyzyň atlaryny göterýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň iň uly kitaphanalarynyň biridir.Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň milli kitap saklanýan ýeridir. Bu kitaphana 1895-nji ýylda esaslandyrylan. Türkmenistanyň döwlet medeni merkeziniň gurluşynyň bir bölegidir.
Kitaphananyň ady dürli döwürlerde dürli hili atlandyrylypdyr. Ýagny, Russiýa imperiýasynyň döwründe “Zakaspi sebitleýin jemgyýetçilik” kitaphanasy, SSSR döwründe “Karl Marks adyndaky türkmen döwlet respublikan” kitaphanasy, 1992-1997-nji ýyllar aralygynda “Nurmuhammet Andalyp” adyndaky milli kitaphana, 1997-2013-nji ýyllar aralygynda “ Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy” adyndaky milli kitaphana, 2013-nji ýyldan bäri bolsa, “Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy” diýlip atlandyrylypdyr.
Kitaphananyň ýedi gatly binasynyň içerki meýdany 24 müň inedördül metrdir. Kitap depozitleri üç sany ýerasty gatda ýerleşýär. Kitaphana bir wagtyň özünde 1100 adamy kabul edip bilýär. Kitaphanada 150 we 40 adamlyk iki mejlisler zaly, audio-wideo kitaphanasy, internet otagy, kompýuter merkezi, kitap ussahanalary, alymlar we işgärler üçin otaglar bar. Kitaphanada, takmynan, 70 müň müşderi hasaba alnandyr. Kitaphana her günde okyjylaryň 400-e golaýy barýar. Şolaryň köpüsi bolsa talyp ýaşlardyr. Kitaphananyň hyzmatynda yzygiderli peýdalanýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ylmy-barlag we bilim jemgyýetiniň wekilleri, tejribelik geçýän hünärmenler bar.
Kitaphananyň gysgaça taryhy barada aýdanymyzda şeýleräk:
1885-nji ýylyň awgust aýynyň 1-ne Zakaspi sebit jemgyýetçilik kitaphanasy hökmünde rus goşunynyň ofiserleri tarapyndan esaslandyrylypdyr. Ilki bilen kitaphananyň aksiýasy rus dilinde 3000 nusgadan ybarat kitaplar bolupdyr. Kitaphana 2 bölümden ybarat bolup, öýe kitap wagtlaýyn berýän we okalýan otag bölümlerinden ybaratdyr.
1924-nji ýylda döwlet respublikan kitaphanasyna öwrüldi. 2009-njy ýylda XVI-XIX asyryň 50 müň seýrek we gymmatly kitaplaryny gorap saklamaýan kitaphanasyna öwrüldi. Şol ýylda kitaphanada “Internet merkezi” açyldy, kitaphana “Wirtual ýoly” süýüm optiki internet toruna birikdirildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň kitaphanalarynda halkymyzyň kitap okamaga bolan islegini kanagatlandyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Amangül BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.