Biziň tarypyna söz ýetmez milli mirasymyz bar. Şol mirasymyz barada aýtsak ene – mamalarmyzdan nesilden – nesile geçip gelýän, türkmen gelin – gyzlarynyň çeper ellerinden dörän akgaýma tahýalarydyr. Özüniň milliligi, owadanlygy bilen dünýä medeniýetine goşant goşan akgaýma tahýalary nagyşlarynyň sünnäligi bilen göreni haýrana goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň: “Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlermiziň pähim – parasaty siňen milli gymmatlyklarmyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp – dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar” diýip belleýşi ýaly okuwa barýan okuwçylaryň, talyplaryň, toý – märekelerde ýaşulylaryň başlaryndaky milli tahýalarmyzy göreniňde göwnüň göterilýär.
Akgaýmalara “süňşik” “üçgyýak” “sekizkeşde” “çekdirme” ýaly nagyşlar salynýar. Akgaýma tahýasyna salynýan nagyşlar bilen baglanyşykly rowaýat hem bar.
Gadym wagtlarda çarwa obalarnyň birinde sekiz ogully bir goja ýaşapdyr. Bu maşgalanyň ýedi ogly öýli-işikli bolupdyr. Goja öz ogullaryna guwanypdyr. Ol körpe ogluny hem öýeripdir. Ýaňy toýy sowan günleri oba bir şum habar gelipdir. Ýagny bir atly ýigit goňşy oba ýagy çozanlygyny aýdýar. Bu habary eşiden goja derrew oba ýaşulylaryny ýygnap maslahat edýär. Hem-de goňşy oba kömege gitmeli diýen karara gelýärler. Gojanyň sekiz ogly hem sekiz ýerden atlanypdyrlar. Şonda ýaşulynyň iň kiçi ogly täze gelni bilen hoşlaşyp: “Sag-aman geleris gaýgy etme, öýüň hyzmaty bilen boluber” diýipdir. Şeýdip başy kürteli gelin söwer ýaryny ýagşy niýet bilen ýola salypdyr.
Birnäçe wagtdan soň gidenleriň köpüsi gaýdyp gelipdir, köpüsi bolsa gelmändir. Gelmedikleriň arasynda gojanyň hem ogullary bar eken. Aý aýlanyp ýyllar geçýär, ahyry gelin özüniň söwer ýarynyň keşbini nagşa geçirmegi ýüregine düwýär. Şol maksat bilen kalbynda göterip ýören arzuwlaryny amala aşyrmak üçin keşde nagyşlaryny tahýa ülňüsine geçirmegiň aladasy bilen bolýar. Şeýlelikde gelin ak ýollary arzuwlap akgaýmany çekipdir. Soňra hatar – hatar ak öýleri ýada salýan süňşik nagşy çekipdir. Sekiz oglunyň keşbini nagyşlamaga oturan gelin oýlanyp meýdan ot – çöplerini synalapdyr. Ahyrynda sekiz sany ak bugdaýyň dänesini eliniň aýasyna alyp, sekizsiniň başyny bir ýerde jemläp görüpdir. Şonda täsin nagyş emele gelipdir. Şol nagşy keşdä geçirmegi ýüregine düwen gelin olaryň dördüsini gara, dördüsini dürli reňklerde sünnäläp ýerleşdiripdir. Galan ak ýollaryň daşyna bolsa öz durmuşynyň gamly pursatlaryny çekdirme görnüşinde salypdyr. Şeýlelik bilen gitdigiçe täsin sungat eserine öwrülip barýan tahýanyň etegi bitipdir, jähek tutulypdyr. Tahýany boldum edenden soň ony eltip gaýynatasynyň başyna geýdiripdir. Gaýynatasy tahýany eline alyp haýran galypdyr. Eliňe güller bitsin gyzym diýipdir. Gelin ýaşmagynyň aşagyndan pyşyrdap: “Sekiz ogluň bakydyr. Gaýdyp gelmedi diýip ýüregiňizi agyrtmaň, olara bolan söýgi bakylygynyň nyşanyny şu tahýa siňdirdim” diýipdir. Gaýynatasy bu sözleri eşidip buýra – buýra ýaş döküpdir we gelnine taňyrýalkasyn aýdypdyr.
Şondan bäri “akgaýma” “süňşik” “üçgyýak” “çekdirme” “sekizkeşde” nagyşlary gelin gyzlaryň söwer ýaryna bolan wepalylygyny olara bolan baky söýgüsini aňladýan nagyşlar hökmünde giňden ulanylyp gelinýär.
Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.