Habarlar

Dünýäniň bir reňke boýalan şäherleri

03-04-2021 / 12

Isamal, Meksika

 

Isamal, Meksikanyň  Ýukatan ştatynda, paýtagt Meridanyň 72 km (takmynan 40 mil) gündogarynda ýerleşýär. Häzirki wagtda şäheriň takmynan  30  müň  adamdygy çak edilýär. Bu şäherçe Ýukatanda “Sary şäher” diýlip atlandyrylýar.

Şäheriň merkeziniň ýalpyldawuk altyn sary reňk bilen çekilmeginiň sebäbi barada birnäçe  çaklamalar bar. Olaryň birinde Rim papasy Jon Pol II-iň 1993-nji ýyldaky saparynyň hormatyna Isamalyň sary reňkine örtülendigi aýdylýar. Şäheriň özi bal reňkdäki gadymy Maýa  Gün hudaýynyň piramidalarynyň  mekanydyr.

Isamal  Rim Katolik mukaddeslerine hormat goýmak üçin Ýukatan ştatynyň zyýarat mekany bolup galýar. Bu ýeriň esasy  dilleri ispan we maýa dilleridir. Ýöne halkyň aglaba bölegi maýa dilinde gürleýärler.

Isamal 2002-nji ýylda ,,Jadyly şäher” (ispan dilinde “Pueblo Mágico”) adyny aldy.

 

Huskar, Ispaniýa

Huskar  Ispaniýanyň günortasyndaky Andalusiýa awtonom jemgyýetiniň bir bölegi bolan Malaga welaýatynda bir şäher. Häzirki wagtda şäheriň ilaty ortaça 225 adam.

2011-nji ýylyň ýazynda “Sony Pictures” kompaniýasynyň teklip etmeginde şäherdäki binalar (ybadathana we mazar daşlaryny goşmak bilen) Smurfs filminiň ilkinji görkeziliş  dabarasyny bellemek maksady bilen gök reňke boýaldy. Bu binalar üçin 4000 litr  boýag ulanyldy.  Şondan soň alty aýda takmynan 80 müň syýahatçy geldi. Bu şähere adatça ýylda 300 syýahatçy gelýär.

 

Şefşauen (Şawen), Marokko

1471-nji ýylda  Mulaý Ali bin Musa bin Raşid el-Alami tarapyndan esaslandyrylan Şefşauen (Marokkalylar bu ýere Şawen diýýärler) Ispaniýadan gelen bosgunlar üçin Maori galasy bolup hyzmat etdi. Asyrlaryň dowamynda şäher ösüp, ýewreýleri we hristianlary kabul etdi.

Şefşauen dünýäniň  täsin ýerleriniň biridir. Bu şäher  gök reňke  boýalmagy  bilen  syýahatçylaryň  köp  gelýän  ýerleriniň birine öwrüldi.

Şefşaueniň gök diwarlary meşhur gyzyklanma döredýär. Diwarlaryň näme üçin gök reňk bilen boýalandygy barada birnäçe teoriýa bar. Ol  teoriýalaryň  birinde  gök  reňk  çybynlary uzaklaşdyrýar diýilýär. Emma käbir teoriýalara  görä, gök  reňk  asmany alamatlandyrýar we ruhy durmuşda ýaşamagy ýatladýar diýlip, bellenilip geçilýär.

 

Weher de la Frontera, Ispaniýa

Weher de la Frontera  Barbate derýasynyň sag kenaryndaky Andalusiýanyň Kadiz welaýatynda Ispaniýanyň daglyk şäheri. Bu şäher  Gibraltar bogazyna seredýän baglar we mämişi agaçlary bilen gurşalan pes depäni eýeleýär. Onda birnäçe gadymy buthanalar bolup,  köp öýleriniň binagärçiligi Maori döwrüni ýada salýar. Şäheriň  ilaty  esasan  oba hojalyk, miweli ekerançylyk, şeýle-de  söweş  öküzlerini  ösdürip ýetişdirmek ýaly işler bilen meşgullanýar.

Ispaniýanyň  syýahatçylyk taýdan özüne çekiji bu  şäheri  1978-nji ýylda ,,Şäheri bezemek we abadanlaşdyrmak boýunça”  I milli baýragy bilen sylaglandy. Şonuň bilen birlikde, ,,Uly syýahatçylyk akymynyň zolagy” diýen adyna hem laýyk görüldi.

Jaýpur, Hindistan

Hindistanyň Rajasthan şäheriniň paýtagty bolan Jaýpuryň binalary  özbaşdak  görnüşe  eýedir. Bu şäher başgaça, Gülgüne  şäher”  ady  bilen  bellidir. Hindilerde  gülgüne  reňk  myhmansöýerligiň  we  hoşniýetliligiň  reňki  hasaplanýar. Şäherde  beýik  desgalardan  başlap  kiçijik  bazarlara  çenli  gurlan  zatlaryň  arhitekturasy  hem  gülgüne  daşlardan  ybaratdyr. Jaýpur  Hindistanda  Holy  baýramyny bellemek üçin hem iň oňat ýerleriň biri hökmünde  görülýär.

Jaýpur 1727-nji ýylda  Sawaý Jaý Sinh II  tarapyndan  esaslandyryldy.  Şol  sebäpli  şähere  onuň  ady  goýuldy. 1863-nji ýylda Uelsiň şasy Alberti garşylamak üçin Jaýpur özüne “gülgüne” reňkli  eşik geýdi. Şondan  soň  gülgüne  reňk şäheriň aýrylmaz bölegine öwrüldi we “Gülgüne şäher” ady bilen tanaldy.

Aşgabat, Türkmenistan

Ak mermerli binalary bilen  dünýä  tanalan ak şäherimiz Aşgabat özüniň ajaýyp keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Paýtagtymyz ak mermere beslenen binalaryň köplügi bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk şäherdir. Bu babatda, ol 2013-nji ýylyň 25-nji  maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli  künjeginde  şol  güni  ,,Aşgabat şäheriniň  güni”  diýlip   uly  dabarada  bellenilip  geçilýär.

Aşgabadyň  gysgaça  taryhyna  ýüzlensek, şäheriň  düýbi  1881-nji  ýylda  tutulýar.  Şol wagt  şäheriň  ady  1919-nji  ýyla  çenli  ,,Ashabad”  diýlip  atlandyrylypdyr. Soňra  1927-nji  ýyla  çenli  şäheriň  ady  ,,Poltoraskiý”   bolupdyr. Şol  ýyldan  häzirki  wagta çenli  paýtagtymyz  Aşgabat  ady  bilen  tanalypdyr.

Ýurdumyz  Garaşsyzlygy  alan  ilkinji  günlerinde  bäri  uly  ösüşlere  eýe  bolýar.  Sanlyja  ýylda  paýtagtymyzda  deňi-taýy  bolmadyk  ajaýyp  binalaryň  ençemesiniň  gurulmagy  ak  şäherimiziň  dünýäniň  döwrebap  şäherleriniň  birine öwürmek  babatda  alyp  barýan  işleriniň  netijesidir.

BEGENÇ AŞYROW

Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň 

Halkara  gatnaşyklary  institutynyň

Halkara  žurnalistikasy  fakultetiniň 

II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu