Göwün küýsegiHabarlar

Gülşirin Hanowa: Hüwdileýän bäbejigmi

02-04-2021 / 19

Diňläp ýazyň aýak sesin,

Aňlap dünýäň nämedigni.

Bagt barada aýdym bilen,

Hüwdileýän bäbejigmi.

****

Neneň gowy arzuwlarňy,

Eliň bilen tutup bolsa,

Mähir ýeňer owal-ahyr,

Gam-gussany utup bolsa.

****

Şeýdip derdiň azalanda,

Dumly-duşuň ýaz alanda,

Azaşyp bagt bazarynda,

Kysmatyňdan ýitip bolsa!

****

Ykbal oýnasa bazynda,

Günleriň köpi-azynda,

Armanly günleň yzyndan,

Ylgap, ylgap ýetip bolsa.

****

Baky alansoň geregiň,

Dady gaçar duz-çöregiň,

Ýüzüň gülse-de ýüregiň,

Gülmez, derdiň ýetik bolsa.

****

Şol bir arzuw günde-günde,

Serim kanda, özüm kanda,

Menden baý bolmazdy munda,

Hasratyňy satyp bilsem.

****

Diňläp ýazyň aýak sesin,

Aňlap dünýäň nämedigni,

Bagt barada arzuw bilen,

Hüwdileýän bäbejigmi.

 

02.04.2021 ý.

10:04.

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu