Baýram han Türkmen ussat şahyr, kämil şahsyýetdir. Bu barada 31-nji martda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly geçirilen «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahatda hem nygtaldy. Daşary ýurtlaryň ylmy toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýokary derejede guraldy we üstünlikli geçirildi. Onda daşary ýurtly alymlar we wekiller hem-de ýurdumyzyň alymlary tarapyndan ençeme çykyşlar edildi. Olarda dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussady — Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiligi we ömür ýoly doly beýan edildi.
Baýram han Türkmen Türkmenistanyň çäginden daşda ýaşan türkmenleriň wekili. Baýram han öz gözbaşyny Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden alyp gaýdýan türkmenleriň «baharly» diýen tiresindendir. Taryhy çeşmelerde Baýram hanyň doglan wagty kä halatlarda 1497-nji ýyl, başga bir ýagdaýlarda bolsa, 1507-nji ýyl töweregi diýlip görkezilýär. Gynansak- da, sanlardaky şeýle takyksyzlyk onuň doglan wagtyny anyk aýtmaga «böwet» bolýar.
Baýram han türkmen Badahşan welaýatynyň Gala-i Zafar diýen ýerinde dogulýar. Ol heniz ýaşajyk oglan wagty ejesi Nakyba hanym aradan çykýar. Baýram hanyň atasy Ýaraly begiň baştutanlygynda onuň hossarlary «hanlar hanyna» terbiýe berýär. Olar Baýram hany Balha alyp gidýärler hem-de ony medresede okadýarlar.
Baýram han baharly emirleriň hanedanlaryna mahsus terbiýäni alyp, ulalýar. Öz wagtynda oňa Alyşükür begiň gyzy Paşa begim enelik edýär. Baýram han türkmen ylahyýet ylymlaryny we edebiýaty içgin öwrenýär. Ol türkmen we pars dillerini gowy bilýän, harby sungat bilen meşgullanýan, saz çalmakdan oňat baş çykarýan, şygyr düzmekde kämillik derejesine ýeten ussat we sowatly şahs bolup ulalýar.
1504 — 1505-nji ýyllarda Baýram hanyň kakasy Seýfaly beg we atasy Ýaraly beg Zahyreddin Muhammet Babyryň hyzmatynda bolýarlar. Onuň kakasy Seýfaly beg 1508-nji ýylda Gazna göçüp gelipdir hem-de Zahyreddin Babyryň adyndan Gaznanyň häkimi bolupdyr. Emma, ol 1526-njy ýylda söweşde agyr ýaralanýar we ýogalýar. Onuň maşgalasy mejbury Balha, garyndaşlarynyň ýanyna
göçmeli bolýar.
Baýram han — filosof, ajaýyp şahyr. Onuň öz wagtynda ýazan pars we türkmen dillerindäki ajaýyp goşgulary türkmen edebiýatynyň Hindistanda mogollar döwründe berk kök urmagyna getirýär. Edebiýatymyzyň görnükli wekili hasaplanýan Baýram hanyň şygyrlary türkmen edebiýatynyň dünýäniň dürli künjeklerine ýaýramagyna hem-de baýlaşmagyna mynasyp goşant bolup durýar. Baýram han türkmen kämilleşip, Zahyreddin Muhammet Babyryň söýgüsine, ynamyna we hormatyna mynasyp bolup, onuň hyzmatynda bolýar.
Maglumatlara esaslansak, Zahyreddin Muhammet Babyr Baýram hanyň ata- babalary bilen gowy aragatnaşykda bolupdyr, olara uly hormat goýupdyr we özüniň ýatlamalarynda Baýram hany ogly ýaly görýändigini nygtapdyr.
Baýram han 16 ýaşanda patyşanyň (Zahyreddin Muhammet Babyryň) ogly Humaýunyň hyzmatyna durýar. 1523-nji ýylda Babyr patyşa onuň ussatlygyny, sowadyny, ugurtapyjylygyny edermenligini, başarjaňlygyny görüp, hany ogly Humaýuna terbiýeçi we janpena edip belleýär. Ol ýaş şazada — patyşanyň ogly Humaýuna päk ýürek we niýet bilen hyzmat edýär. Hut, 1523-nji ýylda Badahşanyň häkimi Mürze han ýogalýar. Onuň ýerine bolsa Humaýun häkim bellenilýär. Ol wezipä bellenilende ýany bilen Baýram hany hem Badahşana alyp gidýär. Dogduk mekanyna gelen Baýram han 1523 — 1529- njy ýyllarda ähli meselelerde babatda-da Humaýunyň esasy maslahatçysy boldy. Ol 1528-nji ýyldan başlap, Babyryň Hindistana eden ýörişlerine hem gatnaşdy. Babyr ölmezinden öň ogly Humaýuny mirasdüşer edip belleýär. 1530-njy ýylda patyşa ýogalýar we 22 ýaşly Humaýun tagta geçýär. Baýram han bolsa baş weziriň wezipesine bellenilýär we şol bir wagtda goşunbaşy wezipesini ýerine ýetirýär hem-de Humaýunyň iň ýakyn maslahatçysyna öwrülýär. Şol döwürler Babyryň Badahşanda we Kabulda häkimlik edýän beýleki ogullary Kamran, Hindal, we Esgeri dagylar özlerini mirasdüşer hasaplap, Humaýuny ykrar etmeýärdiler.
Kyn ýagdaýda kömek eden Baýram han Humaýunyň ynamdar adamyna öwrülýär. Olar islendik meseläni bileleşip çözýär. Netijede, olar 1531-nji ýylda wajyp Kalynjar galasyny eýeleýärler. Onda gahrymançylyk görkezen Baýram hanyň abraýy has-da artýar. Ol ussat söweşijileriň we ynsanperwerleriň hatarynda özüni tanadypdyr. Hususan-da, hindi halkynyň meşhur taryhçysy Badony: «Baýram han parasatlylykda, geçirimlilikde, göwnaçyklykda, hoşniýetlilikde öz döwürdeşleriniň hemmesinden artykmaçdyr» diýip, nygtamak bilen muny doly subut edýär.
Umuman, beýik türkmen gerçegi — meşhur Muhammet Baýram han örän çylşyrymly we täsirli durmuş ýoluny basyp geçýär. Onuň gaýduwsyz serkerdebaşy, uly döwlet işgäri we filosof hem-de ajaýyp şahyr bolandygy hakynda ençeme ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen jemgyýetiniň galkynýan iň täze taryhy döwründe özüniň ölmez-ýitmez şygyrlary bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini äleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak bolsa, biziň mukaddes borjumyzdyr.
Altynjemal GUTLYÝEWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.