Köpetdagy etekläp oturan ak şäherim Aşgabat parahatçylygyň mekany. Ençeme gyşlary-ýazlary başdan geçiren paýtagtymyz bu günki gün mermere bürenen binalary, bag-bossanly seýligähleri, giň köçeleri, dost-doganlygy, asudalygy, taryhy, edebiýaty wasp edýän heýkelleri bilen gelenleriň gözlerini dokundyrýar. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň Bitaraplyk syýasaty bilen ösüşiň belent sepgitlerine ýeten eziz Watanymyz Türkmenistan hyzmatdaşlyklaryň, ýakyn gatnaşyklaryň alnyp barylýan mesgenine öwrüldi. Dünýäniň köp döwletlerinden myhmanlary kabul edýän paýtagtymyz Aşgabat gözel görki bilen geleni haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ak şäherimiz Aşgabat düýbünden başga bir keşbe bürendi. Beýik- beýik ymaratlar, täsin gurluşly binalar gurulýar we döwrüň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar. Ýaşaýyş jaýlary, bilim edaralary, iş edaralary ähli türkmen raýatlarynyň isleglerini kanagatlandyrýar we olara oňaýly şertler döredilýär. Ak şäherimiz Aşgabada gelen myhmanlar günläp, hepdeläp hat-da aýlap paýtagtymyzda bolup onuň owadan ýerlerini keşp etmek isleýärler. Döwrebap binagärlik gurluşygy bilen bezelen paýtagtymyz özüniň milliligini hem ýatladyp durýar. Şeýle ajaýyplyklary gujagynda jemleýän Aşgabat “Aziýanyň Merjen şäheri” diýen uly ada mynasyp boldy. Gözel paýtagtymyzyň dürli künjeginde ýerleşip şäherimiziň gözelligine gözellik goşýan mizemez binalar hakynda söz açalyň!
Konstitusiýa binasynyň öwüşgünligi.
Köpetdagyň beýik gerişleriniň eteginde gurulan Konstitusiýa Binasynyň gurluşygyna 2008-nji ýylda badalga berildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edidi we her ýylyň 18-nji maýynda “Türkmenistanyň Konistitusiýa güni” bellenip geçilýär. Şol günüň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 2011-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasy boldy. Türk gurluşyk firmasy Polimeks tarapyndan paýtagtymyzyň giň owadan köçeleriniň biri bolan Arçabil şaýolunda gurlan bu bina aýratyn binagärlik gurluşygyna eýedir. Binanyň beýikligi 185 metr bolup, 91 metrlik dört gyraňly sütün desganyň merkezi bolup durýar. Ol ähli tarapdan haly gölleriniň şekili bilen bezelendir. Binanyň depesinde bäş ýyldyzly altyn ýarym aýyň sütüni bar. Ol üç basgançakly 27 metrlik binýady bolan Oguzhanyň ýyldyzynyň şeklindedir. Desganyň sanly ölçegleri uly mazmuna eýe bolup, 91 metrlik sütün Garaşsyzlygymyzy 1991-nji ýylda gazandygymyzy aňladýan bolsa, 27 metrlik aý-ýyldyzly sütüni 27-nji oktýabrda ata-baba arzuwlarymyzyň hasyl bolan gününi aňladýar. Binanyň daş-töweregini suw çüwdürimleri we seýilgähler gurşap alýar. Desganyň içinde bolsa 6 zaldan ybarat, interaktiw enjamlar bilen üpjün edilen muýez ýerleşýär. Muzeýiň birinji zaly türkmen döwletiniň Konstitusiýasyna we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanandyr. Beýleki zallarynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň kitaplary, ýurdumyzyň kanunçylyknamalary we şuňa meňzeşler ýerleşdirilen. Paýtagtymyzy bezäp oturan bu bina ýurdumyzdaky iň beýik ikinji binadyr.
“Älem” medeni dynç-alyş merkezi.
Aşgabat – ajaýyp binagärligiň we rekordlaryň şäheri hasaplanýar. Häzirki wagtda gözel paýtagtymzda gurulan binalaryň 11 sanysy Ginnesiň rekordlar kitabynda ýer alýar. Şolaryň biri hem “Älem” medeni dynç-alyş merkezidir. Halkymyzyň boş wagtlarynda gowy dynç almaklary, wagtlaryny hezil edip geçirmekleri üçin gurlan bu bina 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açyldy. Paýtagtymyzyň günortasynda bina edilen bu merkez gümmezi bilen bilelikde 95 metr bolup, binanyň daşky keşbi basgançakly piramidany ýatladýar. 57 metre ýetýän hiňňillik ýerleşdirilip salnan bu binada ynsan eli bilen döredilen täsinlikler bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Asman bilen zemini utgaşdyrýan, uzak bilen ýakyny sazlaşdyrýan bu binada Älem giňişligi hakdaky gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi bar. Sekizburçlugyň – pelek çarhynyň içinde ýerleşdirilen “Älemde” Oguz hanyň 6 ogluny, 24 agtygyny ýatladýan 6 orynlyk kabinalaryň 24-sinden ybarat äpet hiňňillik bar. Medeni dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen bu bina gezelenje gelýänler wagtlaryny örän hoş geçirýärler.
Beýik özgertmeler zamanasynda bizi eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Laçyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.