Oýlap tapyjy alymlaryň arasynda zenanlara aýratyn orun degişli. Sebäbi zenanlar özleriniň eden açyşlary bilen dünýä ýüzüni haýrana goýmagy başardy. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.
Stefani Kwolek (1923-2014).
Dünýä meşhur himik zenan Stefani Kwolek 1923-nji ýylda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda poliparafenilen-tereftalamid atly materialy taýýarlamagy başarýar. Onuň bu oýlap tapan materialy häzirki wagtda giňden peýdalanylýar.
Hedi Lamarr (1914-2000).
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde giňden ulanylýan, internet ulgamyndaky mümkinçilikleriň biri bolan WI-FI ulgamyny alym zenan Hedi Lamarr oýlap tapýar. Ol bu ulgamy 1941-nji ýylda döredýär.
Marion Donowan (1917-1988).
Çagalaryň arlygyny (pampers) ilkinji gezek amerikaly zenan Marion Donowan oýlap tapýar. Onuň bu açyşy giňden peýdalanylýar.
Ada Laweýs.
Iňlis zenany Ada Laweýs ilkinji programmist zenan hasaplanýar. Ada XIX asyrda “Bernulli” sanlaryny hasaplaýjy funksiýany döredip ilkinji algoritmiň düýbüni tutýar.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.