Habarlar

Şanly toýumyz mynasybetli sebitde geçirilýän çäreler

01-04-2021 / 8

Ýakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Bişkek şäherindäki B.N.Ýelsin adyndaky gyrgyz-rus Slawýan uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagyna uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň dowamynda Ilçi Ş.Meredow ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan belent sepgitleri, şeýle hem türkmen döwletiniň sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşi barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki goşýan ähmiýetli goşandy babatynda hem belläp geçdi.

*****

Ýakynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan watandaşlarymyz we Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary üçin onlaýn-duşuşyk gurnaldy.

Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we beýleki wajyp senelere bagyşlanan çäreler barada gürrüň berdi.

Duşuşykda talyplar hem çykyş etdip, ýaş nesil hakynda edýän atalyk aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.

Şeýle-de Almata we Karaganda şäherlerinde ýerleşýän türkmenleriň jemgyýetçilik we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini buýsanç bilen belläp, Ilçihana tarapyndan gurnaljak çärelere işjeň gatnaşmaga isleg bildirýändikleri barada aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda talyplaryň taýýarlan konserti geçirildi.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu