
Türkmenistanyň ýüregi hasaplanýan Aşgabat şäheri ýurdumyzyň künjeklerden gelýän ýollaryň birleşýän nokadydyr. Syýasy, ykdysady ösüşleriň, medeni-jemgyýetçilik aýratynlyklarynyň, ylmy we intellektual baýlyklarynyň ähli alamatlaryny özünde jemleýän şäherdir. Iň möhüm resminamalaryň, çözgütleriň kabul edilýän mekany ak şähermiz Aşgabat 1881-nji ýylda döredilýär. Taryhdan şu güne ençeme özgerşlikleri başdan geçiren paýtagtymyz häzirki wagtda mermerden salnan beýik-beýik binalary bilen “Aziýanyň merjen şäheri” adyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz: “Paýtagt şäherimiz Aşgabat Berkarar döwletimiziň ykdysady, medeni ösüşleriniň aýnasy hökmünde ýylsaýyn örän sazlaşykly ösüp gözelleşýär” diýip belleýär.
Günsaýyn ösýän, barha gözelleşýän şäherimiz Aşgabat beýik şahsyýetleriň gadam basyp gelýän ýeridir. Türkmeniň taryhynda yz galdyran, halkyň aňyna müdümilik ornaşan ussatlara belent sarpa goýulýar. Binalara, mekdeplere, köçelere, şa ýollara olaryň atlary dakylýar, heýkelleri paýtagtymyzyň iň owadan ýerlerinde oturdylýar. Şeýle beýik ynsanlaryň biri hem Türkmenistanyň Halk ýazjysy Berdi Kerbabaýewdir. Türkmen edebiýatynda yz galdyryp giden halypa ýazyjymyz 1894-nji ýylyň 15-nji martynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda dünýä inýär. Ilki döredijiligine şygyr bilen başlan Berdi Kerbabaýew unudylmajak eserleri miras galdyryp gidýär. Goşgulary, poemalary, hekaýalary, powestdir-romanlary bilen edebiýatymyzyň çägini giňelden belli ýazyjy heniz ulanylmadyk žanrlary edebiýatymyza ornaşdyrýar. Diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl eýsem dünýäniň köp ýerine eserleriniň üsti bilen öz adyny tanatmagy başardy. Ýazyjy “Aýgytly ädim”, “Nebitdag”, “Gaýgysyz Atabaýew”, “Suw damjasy – altyn dänesi” atly uly göwrümli romanlary ýazypdyr. “Aýgytly ädim” romanyna Alty Garlyýewiň režissýorlyk etmeginde çeper filim düşürilýär. Birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolan bu filim dünýä ýüzüne türkmeniň döredijilik älemini tanatdy. Şular ýaly ýatdan çykmajak eserleri döreden ussat ýazyjy uly hormata mynasypdyr.
Paýtagtymyz Aşgabadyň bir köçesine halypa ýazyjynyň hormatyna onuň ady dakylýar. Berdi Kerbabaýew köçesiniň ugrynda bäş ýyldyzly myhmanhana, ýaşaýyş jaýlary, dermanhana ýerleşip, gapdalynda bolsa türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýetlerini birleşdirýän uly “Ylham” seýligähi ýerleşýär. Bu seýligähde halypa şahyryň hem heýkeli otyrdylandyr.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda günsaýyn gözelikden gözellige beslenýän merjen şäher Aşgabat parahatçylygyň, jebisligiň, agzybirligiň ojagydyr. Şeýle asuda asmanly, parahatçylykly durmuşy peşgeş berýän, bizi ýeňişden-ýeňşe alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Öwez Öwezow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.