
Mähriban okyjylar! Size 31-nji martda dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Molly Qerm Rose (36 ýaşady) – amerikan telegepleşikleri alypbaryjy.

Neha Kapur (36 ýaşady) – hindi modeli, aktrisa. Ol 2006-njy ýylda Miss Hindistan adyna eýe boldy.

Sakura Uehara (46 ýaşady) – ýapon aktrisasy.

Shweta (32 ýaşady) – Rakshita ady bilen has meşhur bolan hindi telegepleşikleri alypbaryjy.

Defne Fernandez (35 ýaşady) – ispan aktrisasy we tansçy.

Nataliýa Anatoliýewna Rudina (46 ýaşady) – Natali ady bilen has meşhur bolan rus aýdymçysy, kompozitor, aktrisa we telegepleşikleri alypbaryjy. Ol özüniň 1997-nji ýylda çykaran “Ветер с моря дул” aýdymy bilen has meşhurdyr.
Mähriban Hudaýgulyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



