Döwlet Baştutanymyz “akylly” şäheriň ägirt uly taslamasyny durmuşa geçirmäge, ýagny maglumat hem-de kommunikasion tehnologiýalaryň esasynda onuň düzümini döretmäge aýratyn ünsi çekdi. Şol tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy sazlaşykly baglanyşdyrar. Sözüň doly manysynda, munuň özi bitewi aň-paýhas ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Oňa ulag hereketinden başlap, ekologiýa çenli ähli maglumatlaryň jemlenmegini görkezýär. Degişli gulluklar şol maglumatlara eýe bolmak bilen, energiýanyň paýlanylyşyny gowulandyrmaga, zir-zibilleriň ýygnanylmagyny ýeňilleşdirmäge, ýolda bökdençlikleriň aradan aýrylmagyna, hatda howanyň hiliniň gowulandyrylmagyna mümkinçilik alýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, şäher giňişliginiň şeýle gurluşy raýatlarymyzyň has amatly, oňaýly hem-de howpsuz durmuşy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, raýatlaryň bu işlere gatnaşmagy “akylly” şäheriň möhüm ugry bolup durýar. Raýatlar aň-paýhas ulgamy arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hiline, olaryň geriminiň giňeldilmegine ýardam edip bilerler. Mysal üçin, olar ykjam aragatnaşygy ulanyp, işlemeýän ýolyşyklary ýa-da duralgada ýerleriň ýetmezçiligi baradaky maglumatlary iberip bilerler. Şondan soň şäheriň degişli edaralary bu meseleleri çözmegiň ugruna çykarlar. Zir-zibil gaplary özleriniň doldurylandygy baradaky habary jemagat gullugyna iberip biler. Munuň özi «akylly» şäherleriň işleýşiniň usullarynyň bir bölegidir. Mundan başga-da, köp sanly degişli gurallar bardyr. Başgaça aýdylanda, bu şäheriň ýaşaýjylary öz töwereklerinde isleýişleri ýaly amatly gurşawy döredip, şäheri ösdürip bilerler. Simsiz tehnologiýalar, sensor görkezijiler, internet ulgamy ulanylýan häzirki döwürde munuň özi hyýalbentlik däl-de, täzeçe şäherleşmekdir, bu täzeçillikler ylmy-tehnologiýa ösüşleri, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy, sanly ykdysadyýetiň hem-de bilimler jemgyýetiniň döredilmegi bilen biziň durmuşymyza ornaşýar.
“Akylly” ulgamlar eýýäm Aşgabadyň täze ýaşaýyş toplumlarynda ornaşdyryldy. Ýöne Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi giň gerimli sanly ulgamy öz içine alýan ilkinji şäher bolar. Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda bu giň gerimli gurluşyk meýdançasynda 15 müňden gowrak hünärmeniň işleýändigini belläp, olaryň tejribesiniň Aşgabat-sitiniň gurluşygynda ulanylyp bilinjekdigini aýtdy. Şol ýerde hem “akylly” şäheriň konsepsiýasy durmuşa geçiriler.
“Akylly” şäheriň wezipeleri özüne energiýa üpjünçiligini (mysal üçin, ýollar adamsyz bolanda, öçügsi ýagty saçýan köçe yşyklandyryjylaryny) birleşdirýär. Şeýle tehnologiýalar bizde elektrobuslary ornaşdyrmagyň hem-de ekologiýa taýdan arassa gaz benzininiň ulanylmagynyň hasabyna zyýanly zyňyndylary azaltmaga hem-de arassaçylyk kadalaryna gözegçilik etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda elektromobilleri ulanmak hem-de “akylly» awtoparklary gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlemegiň zerurdygyny nygtady.
Aralykdan bilim bermek, telelukmançylyk hem-de intellektual saglygy goraýyş üçin-de uly mümkinçilikler bar. Milli Liderimiz durmuş syýasatynda bu meselä aýratyn üns berýär.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “akylly” şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmakda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berýär.