Hormatly okyjylar, biz golaýda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň milli muzeýinde myhmançylykda bolduk, has dogrusy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy bilen bilelikde «Sport äleminde» atly gepleşigi ýazga geçirdik. Gepleşigimiziň myhmany bolsa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde zähmet ýoluna başlan Jennet Seýdiýewa boldy. Biz mundan başga-da, Milli muzeýiň görküne görk goşýan bir-birinde owadan çekilen suratlar, ýasalan heýkeller görenleri haýrana goýýan bedew atlaryň dürli suratlaryna syn etdik. Ol ýerdäki her bir eserde özboluşly bir janly durmuş, janly ahwal beýan edilipdir.
Aslynda türkmen bedewi halkymyzyň geçmişi, şu güni, geljek arasyndaky baglanyşygy aňladýan behişdi gözellik. Teleýaýlym üçin eden söhbetdeşligimizi bolsa, bu gün turkmengazet.com saýtmyzdaky okyjylarymyza hem ýetirmek maksady, bilen söhbetdeşligimizi ýazga geçirdik.
Jennet her bir gyzyklanýan sowallarymyza buýsançly şeýle jogaplary berdi.
-Jennet, mälim ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallalasy bilen her bir ösüşli ýollar ýaş nesillerimiz, biziň milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly alnyp barylýar. Milli däp-dessurlarymyz, milli gymmatlyklarymyz her bir üstünligiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ilki bilen Sizi buýsandyrýan zatlar barada söhbetimize başlaýaly.
-Türkmen gyzy, türkmen zenany hökmünde ajaýyp behişdi bedewlerimiziň meniň durmuşymda ýaşaýandygyna buýsanýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda bedew batly ýurdumyzyň ösüşli menzillerine kiçijigem bolsa goşandymy goşýandygyma buýsanýaryn. Asuda we parahat ýurtda ýaşyl tugumyzy türkmen bedewleriniň üstünde dünýä ýüzünde parladýandygyma, agzybir maşgalada ene bagtyna mynasyp bolandygyma buýsanýaryn.
-«Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar topary barada diňlemek biz üçin gyzykly.
–«Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda açyldy. Bu toparyň açylmagy meniň we meniň ýaly türkmen oglan-gyzlarynyň hünär başarnyklaryny, zehinini açmaklaryna ähli mümkinçilikleri döretdi. Çeper ýolbaşçymyz Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygynda «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar toparymyz dünýäniň birnäçe ýurtlaryna syýahat etdi, bu diňe syýahat bolman eýsem, baran ýerinde halkymyzyň milli buýsanjy bolan ýaşyl tugumyzy dünýäniň sirk sungatynyň sahnalarynda belentde parlatdy.
– Jennet, Siz «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar toparynyň haçandan bäri agzasy.
-Ata bolan höwesim meni «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna getirdi. Men 6 ýaşymdan bäri bu toparyň agzasy bolup, at üstündäki milli oýunlarymyzy ýerine ýetirip gelýärin. Milli oýunlary ýerine ýetirmek, atlarymyz bilen bilelikde başga-da birnäçe herketleri ýerine ýetirmegim maňa ruhy güýç we lezzet berýär.
-Bu ugra bolan höwesiňize näme sebäp boldy.
–Kiçi wagtym men ata-eneme men: — ata münesim gelýär, at täsin jandar, şeýlebir aty gowy görýärin — diýenimde ata-enem meniň bu pikirime garşylyk bildirmediler, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna eltdiler. Şondan soňra bolsa, atlar meniň durmuşymyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
-Maşgalaňyzda başga-da atçy barmy?
-Maşgalamyzda menden başga atçylyk bilen meşgullanýan ýok, ýöne türkmen bedewlerine uly hormat goýýarlar, meniň her gezekki çykyşlarymy üýşüp maşgala bolup görýärler, begenýärler. Bu bolsa perzent hökmünde meni-de buýsandyrýar. Kakam iki sany oglan doganym sportuň futbol görnüşini gowy görýär, meşgullanýarlar.
-Perzentleriňiz Aýşa we Aýhanyň kär saýlawynda ýoluňyzy dowam etmegini islärmidiňiz?
–Elbetde, çagalarymyzyň hem atçy bolmagyny islärdim. Çünki türkmen bedewleri biziň maşgalamyza bagt, rysgal, döwlet getirdi. Mähriban Arkadagymyz bilen didarlaşmaga sebäp boldy. Hakykatdan-da türkmen bedewi şeýlebir täsin jandar, ol duýgur hem-de näzik, duýguly syrdaş. Şu wagtlardan çagalarymyzyň ýaşlygynda garamazdan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyza baryp, ol ýerde çagalarymyzy ata mündirýäris, ata öwrenşdirýäris.
-Ata öwrenişmek üçin näme etmeli?
–At örän duýgur jandar, ol garşysyndaky ynsanyň pikirini gözünde okap bilýän derejede duýgur. Ilki bilen aty özüňe öwrenişdirek üçin atyň ýanyna mylaýym we batyrgaý barmaly. Ilki bilen maňlaýyndan sypalap, oňa arpa, käşir bermeli. Mähirli gürleşmeli, päk niýetli bolmaly şonda aty özüňe öwrenişdirmek aňsat bolar.
-Geljekki maksatlaryňyz.
-Geljekde hem «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar toparymyz bilen mähriban Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täze eserlerimiz bilen, täze oýunlarymyz bilen halkymyza hyzmat etmegi we dünýä ýüzünde ýaşyl tugumyzy türkmen bedewleri bilen bilelikde belentde parlatmagy maksat edinýäris.
-Jennet, beren gyzykly we täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Mundan beýläk-de milli sungatymyzy bedew üstünde ýerine ýetirmekde alyp barýan işleriňizde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
–Sagboluň!
Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,
žurnalist.