
Bir ýigit öýüniň töwereginiň garyny arassalap ýören eken. Şol barmana, onuň dostlarynyň biri «Ilki jaýyň üstüniň garyny süpürip, soň onuň aşagyny arassalasaň, gowy bolmazmy?!» diýip, maslahat beripdir. Onda ýaňky ýigit: «Olam-a ýadyma düşmän durmady welin, jaýda atam otyrdy. Onuň depesine çykmagy biedeplik hasaplaýaryn» diýipdir.
*****
Kiçijik wagtym «Bedewler ganat ýaýyp uçup bilýär» diýseler, teleýaýlymda beýlekide onuň ganatyny görjek bolup, çyr-çytyr bolar ýörerdik. Belki bardyr, ýöne men ony görýän däldirin. Ine, bir gün oňa ýolda duşaýsam nätjek?! Gapdalymdan dabyrdyklap geçip giden bedewiň ganatynyň ýokdugyny görüp, bir zada göz ýetirdim. Asyl, oňa ganat gerek däl eken, onuň özi duranja bir ganat eken, tutuş türkmeniň ganaty…
*****
Köplenç, garaňky bir ýere baranyňyzda, ýa bolmasa, garaňky otaga kürsäp gireniňizde, bir bada gözüňiziň öňi ümezläp, garaňkylanan ýaly bolýandyr. Emma bu ýagdaý uzak dowam etmez. Sähel salymda ähli zat üýtgäp, garaňkylyk hem edil el bilen aýrylan ýaly gözden sumat bolar. Üns berýäňizmi, bu ýagdaý durmuşda-da gabat gelýär. Haýsydyr bir işiň başyna baranyňyzda, bu iş size bir bada «garaňky» görner. Emma oňa içgin aralaşyp, doly girişseňiz welin, ol edil aýnada ýüzüňi görüp oturan ýaly aç-açan bolar durar. Çünki gijelik hem uzak dowam etjek ýalydyr welin, iň soňunda, şol hem sowulyp, onuň ýerine parlap Gün çykýar ahyry.
*****
Kimdir birine ýagşylyk edeniňizde ýa-da bir mätäç bendä kömek bereniňizde, arkaňyzdan dag aýrylan ýaly bolýarmy?! Megerem, bolýandyr. Sebäbi her gezek ýagşylyk edilende, ömür depderçäňe bir sogap ýazylyp, bir günäň hem gaçyp galýar-da…
*****
Bir adam ulagyny ussa getirip, ony bejerip bermegi haýyş edipdir. Ussa ulagyň daşyndan birki ýola aýlanypdyr-da, onuň bir näsaz ýerini «tyrkyldadypdyr» welin, ulag işläberipdir. Munuň üçin ussa ulagyň eýesinden 100 manat alypdyr. Ulagyň eýesi: «Sen diňe ulagyň bir ýerini «tyrkyldatdyň». Onuň bahasy 1 manat bolmaly ahyry» diýip geňirgenipdir. Ussa:
— Hawa, «tyrkyldyň» bahasy 1 manat. Emma niresini «tyrkyldatmalydygyny» bilenim üçin 99 manat alýaryn — diýipdir.
Bu ýönekeý bir tymsal hem bolsa, onda bir hakykat bar. Käte durmuşda bir kiçijek şowsuzlyga uçranymyzda, onuň sebäbini bilmäge çalyşýarys. Onuň ýönekeý bir sebäbiniň bardygyny bilýärsiňizmi?! Biz diňe kakmaly gapymyzy ýalňyşýarys, özge gapyny «tyrkyldadýarys». Biziň ätmeli bosagamyzyň başga ýerlerde bolmagy mümkin ahyry.
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW,
žurnalist.
ajaýyp