Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, düýpli özgerişlere eýe boldy. Gysga wagtyň içinde dünýäde deňi-taýy bolmadyk binalaryň ençemesiniň gurulmagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde gaýtalanmajak özboluşlylygy döretdi. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekodlar kitabynda täze sahypany açdy.
Dünýäni özüniň daşky gurluşy hem-de ýerleşýän ýeri bilen aňk edip, Ginnesiň rekordlar kitabyndan öz ornuny tapan şeýle binalaryň biri-de “Türkmenistan” teleýaýlym we radioýaýlymlary merkeziniň minarasydyr. Bu minaranyň beýikligi 211 metr bolup durýar. Bu bolsa, ony Türkmenistanyň iň beýik binagärlik gurluşyna öwürdi. Onuň gurluşyk işleri 2008-nji ýylda başlandy. Taslama laýyklykda, bu çylşyrymly desganyň gurluşygyny Türkiýanyň “Polimeks” kompaniýasy amala aşyrdy. 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gatnaşmagynda telekommunikasiýa desgasynyň resmi açylyş dabarasy giňden bellenilip geçirildi. Minaranyň esasy wezipesi bolsa, teleýaýlym we radio aragatnaşyk antennalaryny saklamak we goldamakdyr. Ýöne bulardan başga-da birnäçe gyzykly ýerleri bolan syýahatçylyk merkezi hem hasaplanýar. Antenna signalynyň gurşaw radiusy 100 kilometre deňdir. Häzirki wagtda diň analog teleýaýlym, sanly teleýaýlym we radio signallaryny iberýär.
Aşakdaky stansiýalar diň antennalarynyň kömegi bilen Altyn Asyr, Türkmenistan, Ýaşlyk, Miras, Türkmenistan, Türkmen owazy, Aşgabat, Türkmen sporty ýaly teleýaýlymlary bilen müşderilerine hyzmat edýär. Tele binanyň ýokarysynda aýlanýan görnüşde kaşaň restoran ýerleşip, onuň içerki dizaýny milli bezeg elementlerini we binagärlik stilindäki häzirki zaman tendensiýalaryny özünde jemleýär. Şol ýerden, Türkmen paýtagtynyň we ýerli tebigy landşaftlaryň görnüşlerine haýran galyp bilersiňiz we restoranyň ýerleşýän aýlanýan platformasy panoramany görkezýär. 140 metr beýiklikde ýerleşýän binanyň 28-nji gatynda VIP zal ýerleşýär. Gözegçilik desgalary Türkmenistan teleýaýlym we radio ýaýlym merkezinde myhmanlar üçin iki sany gözegçilik platformasy bolup olar esasy we ýörite obserwatoriýa, ikisi hem 360 dereje görnüşi açýar. Esasy obserwatoriýa 150 metr belentlikde bolup minaranyň 30-njy gatynda ýerleşýär. Bu ýerde jahankeşdeler häzirki Aşgabat şäherine, şeýle hem Köpetdagyň dag etekleriniň ajaýyp giňişliklerine gowy göz aýlap synlaýarlar. Teleýaýlym diňini bezän Oguz Hanyň sekizburç ýyldyzy dünýädäki iň uly binagärlik keşbi hökmünde-de ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. “Türkmenistan” teleýaýlym we radio ýaýlymlary merkeziniň minarasynyň ajaýyp keşbi Aşgabadyň islendik ýerinden diýen ýaly görünýär
Gözel paýtagtymyzy, mähriban diýarymyzy ösüşleriň, özgerişleriň, täsin binagärlik sungatynyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.
Kakajan KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.