HabarlarSport

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy halkara habarlar giňişliginde

27-03-2021 / 11

Ýakynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy şeýle-de Özbegistanyň Türkmen medeniýet merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, hem-de 2021­-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostlukly gatnaşyklary» atly dabarany geçirdi.

Dabaranyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar Komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Ilçisi çykyş edip, iki goňşy ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň taryhy ähmi­ýetini aýratyn nygtadylar we doganlyk halklaryň milli garaşsyzlygyny gazanmagy bilen özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belläp geçdiler.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, şeýle-­de 2021-­nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan, ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan belent sepgitlerini, ýeten derejelerini hemmetaraplaýyn şöhlelendirýän diwarlyklar hem guraldy.

*****

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň «Renessans-­Aktau» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeý­le-de ýurdumyzda 2021-­nji ýylyň «Türkmenistan­-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Mangistau welaýatynyň häkimliginiň wekilleri, şeýle hem, Aktau şäherinde diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda  2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi barada maglumat berildi, Türkmenistanyň başlangyjyna esaslandyrmalar getirildi, şu ýylyň maksatlaryna we öňde goýlan meselelere seredilip geçildi. Öňüni alyş diplomatiýany saklamagyň we berkitmegiň, energiýa, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmegiň şu ýylyň ileri tutulýan ugurlarydygy barada bellenip geçildi.
Şeýle-­de brifinge gatnaşyjylar özara ynanyşmagyň, jogapkärçiligiň we bilelikdäki işiň bütin dünýäniň abadançylygy hem­de ösüşi üçin wajypdygyny bellediler.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu