HabarlarŽurnalistiň sahypasy

Atlar maşgalasynyň gelip çykyş taryhyndan…

26-03-2021 / 64

Taýýarlan we toplan: Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Atlar biziň häzirki görýän görnüşimize gelýänçä örän köp wagt gerek bolupdyr. Atlar maşgalasynyň ewolýusiýasy millionlarça ýyllar dowam edipdir. Olaryň gelip çykyşyny bilmek üçin alymlara gadymy döwrüň köpsanly subutnamalary – paleontologlaryň tapyndylary esas bolup hyzmat edipdir.

Haýwanlaryň ewolýusiýasy mezozoý erasynyň ýura döwründe, başgaça aýdylanda, takmynan, 60 million ýyl mundan öň başlanypdyr. Atlaryň emele gelmegi daşky ýagdaýyň üýtgäp durýan dowamly täsiriniň we tebigy seçginiň netijesinde amala aşypdyr.

Atlaryň gadymy görnüşleriniň döreýşi we ösüşi Ýewraziýa, şeýle hem Amerika degişli ýerlerde bir wagtda bolup geçipdir diýen çaklamany paleontologlaryň barlaglary tassyklaýar. Gadymy wagtlarda tropiki tokaýlaryň köpsanly jandarlarynyň arasynda häzirki atlaryň ilkinjisi bäş barmakly Eogippys (atyň bir görnüşi) hem bolupdyr.

Mezozoý erasynyň ahyrky döwründe atyň bir görnüşi bolan Anhiteri döräpdir. Ol örän äpet jandar bolup, onuň aýaklary üç barmakly, orta barmagy bolsa, beýleki barmaklaryndan has uly bolupdyr. Atlaryň irki nesilleriniň million ýyllap ýaşan we öwrenişen şerti çalt üýtgäpdir. Wagtyň geçmegi bilen tropiki tokaýlar aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän düzlüge öwrülipdir. Haýwanlar ýaşaýşyny dowam etmek üçin düzlügiň täze şertlerine öwrenişmeli bolupdyrlar. Şol sebäpli olaryň süňk gurluşy, aýratyn hem aýaklarynyň we agyzlarynyň gurluşy üýtgäpdir. Gaty ýerde ýöremek üçin diňe orta barmaga daýanyp hereket etmek olara ýeterlik bolupdyr. Şol sebäpli-de, wagtyň geçmegi bilen, atlaryň gapdal barmaklary ösmekden galyp, aýrylyp başlapdyr. Bu döwürde atlaryň uzyn we gelşikli aýaklary emele gelip ugrapdyr. Bu barada rus alymy W.O.Kowalskiý «Haçan-da üç barmakly Anhiteri atlary düzlüge geçenlerinde, gury, gaty ýerde ýöremek üçin olara ilki bilen berk daýanç gerek bolupdyr, ony bolsa ösen orta barmak ýerine ýetiripdir, atlaryň dişleri ot iýmäge uýgunlaşypdyr» diýip belleýär.

Tropiki tokaýlaryň ýumşak, suwly otlaryny iýmekden düzlügiň gaty otlaryny iýmäge geçilmegi belli bir derejede agyz boşlugynyň içinde üýtgeşmeleriň bolmagyna getiripdir. Atlaryň dişleri belli derejede berkäpdir, äňleri ulalypdyr.

Ýura döwrüniň başlarynda ähli ýerde bir barmakly gadymy jandarlar giňden ýaýrapdyr. Olar daşky görnüşi boýunça häzirki atlara meňzäpdirler we olaryň ata-babalary bolupdyrlar. Ýura döwrüniň ortalaryna çenli atlar belli bir durka gelip ugrapdyrlar, soňra bolsa kämilleşip başlapdyrlar.

Ýura döwrüniň dowamly biziň planetamyzda howa dört gezek aşa sowapdyr. Soňra maýyllyk bolupdyr. Haýwanlar üýtgeýän howa şertlerine çalt öwrenişmäge mejbur bolupdyrlar. Alymlaryň gelen pikirine görä, sowuk döwletlerde atlar iri bolupdyrlar, ýyly döwürlerde bolsa olaryň göwresi birazrak kiçelipdir. Bu döwürde häzirki atlaryň ata-babalary birnäçe görnüşlere bölünipdir. Mysal üçin, häzirki Ýewropada iri süňkli atlar ýaşapdyrlar. Orta Aziýada inçe süňkli, giň maňlaýly atlaryň görnüşleri bolupdyr.

Ýaşaýyş şertleri üýtgäp durmagynyň täsiri netijesinde toýnaklylaryň dört maşgala topary emele gelipdir. Şolaryň biri atlar maşgalasy hasaplanýar. Oňa häzirki öý atlarynyň görnüşi degişlidir. At ewolýusion ösüş netijesinde güýçlülik, çalt hereket etmek we çydamlylyk ýaly zerur häsiýetlere eýe bolupdyr. Olaryň bu aýratynlyklary gadymy adamlaryň ünsini özüne çekipdir. Netijede, adamlar atlary eldekileşdirmegi makul bilipdirler.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu