25-nji martda säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary TSTB-niň agzasy – “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhananyň golaýyndaky ýörite meýdançada gonýar. Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine baryp, bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Ine, şu gün hem welaýatlarymyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümler ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň bir wagtda altysyny dabaraly ýagdaýda açyp, ulanmaga berýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň hem Sakarçäge etraplarynda gurlup, olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary özlerine berilýän döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde döwrebap ýyladyşhanalaryň 400 gektardan gowragyny gurup, işe girizdiler. Şeýlelikde, häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän gök önümler düýpli azaldy.
Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýetişdiren 37 müň 750 tonna pomidory daşary ýurtlara eksport edildi. Bu bolsa, şondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde 70 göterim köpdür. Şu ýylyň iki aýynda bolsa, 16 müň tonna ter pomidor beýleki döwletlere iberildi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Birinji bolup göni wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby çykýar, bu ýerde Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde “Daş demir” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan ýyladyşhana ýerleşdirildi.
Soňra teleköprä Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri goşulýar, bu ýerde şeýle desgalaryň ýene-de biri guruldy. Taslama telekeçi S.Nazlyýew tarapyndan amala aşyryldy.
Soňra sanly ulgam boýunça wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby çykdy, bu ýerde “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana açylýar.
Soňra ekranda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginde gurlan nobatdaky iri ýyladyşhana peýda bolýar. Taslama “Altyn bürgüt” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.
Soňra göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby çykýar, bu ýerde “Akýap” daýhan birleşiginiň çäginde “Mähriban obam” hususy kärhanasy tarapyndan ýyladyşhana guruldy.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Erkin”, “Ter miweler” kompaniýalary, “Ýigit” hojalyk jemgyýeti, “Miweli ülke”, “Noş” hususy kärhanalary bar. Olar özleriniň gök we miwe önümlerini hödürlediler. Şol önümleriň hatarynda gök önümleriň hem-de miweleriň, şol sanda almalaryň, erikleriň, şetdalynyň, narlaryň, limonlaryň, pomidorlaryň, hyýarlaryň, badamjanyň, bulgar burçunyň, şugundyryň, käşiriň, kelemiň, ýeralmanyň hem-de dänelik, kösükli we bakja ekinleriniň, bugdaýyň, mekgejöweniň, soýanyň, mäşiň, gawunlaryň, garpyzlaryň, kädileriň köp görnüşleri bar.
Ýeri gelende aýtsak, “Miweli ülke” hususy kärhanasy azyklyk önümleriň, hususan-da, ýeralmadan taýýarlanylýan önümleri öndürýän önümçilik toplumynyň gurluşygyny alyp barýar. Kärhana 1 müň tonna et, süýt, gök önümleri saklamaga niýetlenen sowadyjy ammara eýedir.
“Ýigit” hojalyk jemgyýetini esaslandyryjynyň gürrüň berşi ýaly, meýdany 34 gektardan gowrak bolan ýyladyşhanada pomidorlaryň 15 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär hem-de işgärleriň 450-si zähmet çekýär. Öndürilýän önümleriň köp bölegi eksporta ugradylýar. Onuň ýokary hili we ekologiýa taýdan arassalygy alyjylaryň isleginiň artmagyny şertlendirýär.
Ýyladyşhanada ekinleri ekmekden, olary ösdürip ýetişdirmekden we ideg etmekden başlap, işgärleriň zähmetini guramaga çenli önümçilik işleriniň dolandyrylyşy sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Ýylylygyň we çyglylygyň, hasyllylygyň görkezijileri, hasylyň ýygnalan möhleti, taýýar önümiň ulag serişdesine ýüklenendigi, onuň içerki we daşarky bazarlara ugradylandygy, ulagly alnyp barylýan wagtynda saklanyş şertleri hem-de paýlanylyşy baradaky maglumatlar onlaýn görnüşde merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyna gelip gowuşýar.
“Nurly meýdan” daýhan hojalygy guşçulyk pudagynyň önümlerini görkezdi. Bu daýhan hojalygy ýurdumyzda ilkinji gezek inkubasiýa guşçulygy boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Bu taslama ugurdaş tehnologiýalary peýdalanyp, broýler guşunyň etiniň we ýumurtgalarynyň önümçiligini senagat derejesine çykarmaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda bu daýhan hojalygy mallar üçin ozal daşary ýurtlardan getirilýän iýmleriň önümçiligini hem özleşdirdi.
“Bolelin” we “Ak toprak” hojalyk jemgyýetleri et we şöhlat önümlerini, “Gönezlik” hojalyk jemgyýeti süýt önümlerini, “Çöl gämisi” hojalyk jemgyýeti düýe çalyny we aýrany hödürlediler.
“Hasar”, “Doganlar ýyldyzy”, “Ak gar” kärhanalary türkmenistanlylarda uly meşhurlykdan peýdalanýan dürli görnüşli süýji-köke we şokolad önümlerini görkezdiler.
“Nur” hojalyk jemgyýeti, “Çynar”, “Täze aý”, “Ýunus” hususy kärhanalary özleriniň önümlerini—ketçupi, maýonezi, mürepbäni, un önümlerini, gök we miwe önümleriniň şerbetlerini, doňdurmany, şeýle hem şekersiz sakgyçlary, çigitleriň we maňyzlaryň gaplanan görnüşlerini hödürlediler.
“Ýedi dogan nur” hojalyk jemgyýeti gaplaýyş önümlerini, şol sanda kagyzdan goş haltalary çykarýar.
“Arçalyk” kärhanasy hem ilatda uly isleg bildirilýän önümlerini hödürlediler. “Halk market” süýji-köke we gaplanan önümleriň, duzlanan önümleriň we mürepbeleriň, doňdurylan önümleriň we doňdurmalaryň görnüşlerini görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýyladyşhana toplumy bilen giňişleýin tanyşdy, bu ýerde ýetişdirilen pomidor hasylynyň ýygymynyň başlanmagyna badalga berdi hem-de ony ösdürmekde üstünlikleri arzuw edip, toplumyň ýolbaşçysyna täze oba hojalyk tehnikasynyň – bütin dünýä meşhur “John Deere” traktorynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Şeýle hem şu gün milli Liderimiziň adyndan beýleki welaýatlarda açylan ýyladaşhanalaryň ýolbaşçylaryna döwrebap oba hojalyk tehnikalary gowşuryldy.