
Awtory: Täçnabat PAÝTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy kafedranyň professor-mugallymlarynyň we institutyň talyp ýaşlarynyň, hem-de inistituta berkidilen Aşgabat şäheriniň 72-nji orta mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiliginiň filosofiýasy» atly ylmy seminar geçirildi.
Ylmy seminarda Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiliginiň filosfiki aýratynlygy, onuň serkerdelik ukyby we diplomatuk ussatlygy hem-de onuň döredijiliginiň ösüp gelýan ýaş nesli watansöýüjilik ruhda terbiýelemekde ähmiýeti barada aýdylyp geçildi. Çykyşlarda 1497 (käbir maglumatlar boýunça 1507-nji ýylda) -1561-nji ýyllarda ýaşap geçen Beýik Türkmen gerçegiň ömri tutuşlygyna diýen ýaly Mogollar şadöwletini gurmaga, ösdürmäge we berkitmäge bagyşlandygy, onuň öz döwründe ussatlyk bilen gylyja erk edip bilen serkerde bolandygy we sadadan akyl-paýhasly, çydamly we sabyrly döwlet işgäri bolandygy bellenip geçildi. Ylmy seminaryň dowamynda inistutymyzyň talyp ýaşlary şahyryň adamkärçilik hakda, dünýä, durmuş-ýaşaýyş dogrusynda pikir öwürýän şu aşakdaky ýaly filosofiki bentleri öz içine alýan edebi-sazly kompazisiýa bilen çykyş etdiler.
-“Eý, jepaju, gaýry birle aşnalyk kylmagyl,
Aşny bolgan ýaranlardan jydalyk kylmagyl.
Aşnalyk ýagşydyr, leýken, ýamandur il tili…
Tilge düşgen halk birle annalyk kylmagyl.
Ýa-da:
-Guwanýarys bu durmuşyň özüne,
Gülüp bakýas dostlarymyzyň ýüzüne.
Bu gün nowruz, bu gün baýram, bu gün toý,
Gaýgy-gamsyz şatlyk eder her bir öý
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Türkmenistan bitaraplygyň mekany” atly kitaplarynda Muhammet Baýram han Türkmen we onuň ogly Hanlar hany Abyrahym han baradaky wakalary beýan edýän sahnalar bilen çykyş etdiler.
Ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu ylmy seminar Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiligindäki filosofik garaýyşlary çuňňur öwrenmäge we onuň watansöýüjilik, mertlik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýaly ýörelgelerini ýaşlarymyzyň arasynda wagz etmäge mümkinçilik berdi.