Awtory: Wepa Amandurdyýew.
Ykbalyň oýny
(3-nji bölüm)
5-ýyl ozal…
Elbetde jaý salmak aňsat däl. Amanyň täze jaýa göçüp şähere gelenine 10 gün boldy. Ilkinji maňlaýyny dirän ýeri bir jurnalda habarçy. Ozalam bir kursdaşynyň haýyşty boýunça işe geçipdi. Ýarym iş haky, ujupsyzja. 5-çaganyň eklenji barha oýlandyrýardy.
3-aý geçdi. Ahyry bolmady. Bu gezek Aman iş gözläp özuniň bir wagtlar mekdepde okadan okuwçysynyň gapysyny kakdy.
-Mugallym siz meni gaty kyn günde goýduňyz. Mende saňa bolarlyk işem-ä ýok.
Edil şowagt gapdaldan iki sany ýükçi ýigit 5 litrlik ýuwujy serişdäni alyp geçip gitdi.
-A ýükçi bolsam näme? Aýlyk näçe berersiňiz.
Müdir hiç hili jogap bermän kompýuterine seretdi. Onyň jogapsyz otyrmagy ylalaşýan ýalydy. Hä diýmän egin başyny çalyşyp işe başlady.
Ýene iki aý geçdi. Ykbalyň oýunlary şundan soňra başlady. Onuň telefonyna ady sory bilinmeýän bir ýerden gelen jaň ykbalyny düýbünden özgertdi otyryberdi.
“Beh meni näme üçin çagyrdylarka”. Aman içini hümmüldedip salgysyny alan edaranyň gapysyndan ätledi. Gapyny açanda gözlerine ynanmady. Hahamly stolyň aňyrsynda otyran köne dost ýerinden turup ony garşy aldy.
Günler geçip gitdi.
5 aý bolupdyr. Elindäki bilede sereden Aman ýene-de sanlyja minutlardan öz doglan şäheriniň uçar menzilinde bolmaly.
“Beh obadan çykanymyza 5 aý boldy.” Hyýalynda entek 8 aýlyk gyzynyň kakasyny tanaman duran keşbi. Uly gyzlarynyň kaka diýip oňa tarap ylgaýşy. Süýji pikirler gonmaga tarap öwrülen uçaryň ak bulutlaryň arasyndan geçip giden sazlaşygyna goşulyp gitdi.
Çaýçy gyzyň söýgüsi
(4-nji bölüm)
Ogryn ogryn…
Gazaply gyş öz gezegini ýuwaş-ýuwaş ýaza berip ugrapdy. Nowruz baýramynyň öňüsyrasy. Dün howa maýyl boldy. Köpetdagyň gerişlerinde entegem eremän ýatan gar bölekleri bar.
Aman bugün merkezi edara gitmelidi. Şafýor ýigit telefonda az salym eglenjekdigini duýdurdy. Girelgä çenli uzaýan kindiwanja ýodanyň her iki tarapyny yaňy gögeren ýaz maýsalarynyň özbolulyşly bezegi bilen örtülendi. Agaçlaryň kölegesinde bukuda duran bir awtoulag Amanyň iňkisine gitdi.
-Beh bu awtoulag mydama şu ýerde. Nomerem-ä gaty tanyşla. Belki-de? Aý ýokla edil beýle däldir. Aman serine gelen pikri özi iňkär etdi. Şofýor ýigidiň ardy-ardyna basan iki signaly onyň pikirini böldi.
-Ýör bakaly merkeze, uly başlyk çagyrypdyr eýgilikdir hernä.
Şafyor ýigit uly ýola düşeninden sonra çalaja myňyrdap Amana jogap berdi.
-Aý howwala hemme zat oňat.
-Bugun gijikdiňle wajyp işiň bardymy.
-Maşynyň ýagyny çalyşdym agam. Şoňa eglendim.
Aman giň aswalt ýoluň iki tarapyny tutan üzümçilige seredip şafýora jogap hökmünde:
–Üzüm iýseň çöpi bar diýleni inim. Maşyn sürseňem derdi, diýdi.
Aman merkezi edara girende birhili agyrlyk basdy. Az soňra gopjak kyýamaty öňünden duýan ýaly tisgindi.
Sekretar gyz ony hal-ahwal soraşmaga goýmady.
-Aman aga, başlyk gaty gaharly. Ertirden bäri telefonda birileri bilen sögüşýä. Size garaşýa .Eglenmän giriň.
Gapyny kakyp içeri giren Aman köne dosta salam berdi.
-Başlyk salam.
Elindäki telefonyny stola pattyldadyp zyňan başlyk gahar gazapdan ýaňa gyzarlyp ýaryljak huma dönüpdi. Süýem barmagyny Amana çömeldip:
-Sen näme habaryň ýokmy. Kärhananyň ekin ýerinde sahsy maşynlaryny işletdim edip pul gazanýan betnebis adamlar bar. Men seni o ýere näme üçin belledim. Belki seniňem bähbidiň bardyr.
-Başlyk men o ýerde topar ýolbaşçy hökmünde diňe işgärlere jogap berýän, tehnika däl.
Köne dost gepi uzatmady:
-10 gün möhlet berýän. Işlemejek bolsaň bar gümüňi çek. Isleseň arzaňy ýazyp gidip bilersiň.
Gahardan ýaňa dym gyzyl bolan Aman eýwana çykyp, gapa ýöneldi.
“Gel bir bulgur suw içeýinle, gaharym ýatyşsyn” diýip içini hümleden Aman, edaranyň bir çüňkünde çolaja ýerde ýerleşen çaýhana tarap ýöredi. Gapyny açan Amanyň üstünden gaýnan suw guýlana döndi. Çaýçy gyz aljyraňly ýagdaýda elini hasapçy ýigidiň boýnundan aýyrdy.
-“Gapyny kakyp girmelidä” diýip çayçy gyz hümürdedi.
Aman:
-Wah çaýhana gapy kakylyp girilýän düzgüni sizden eşitýän. Onsoňam, ýaňam bir gapyny kakyp girip ýeňsämize depilip çykyp gelýän.
Edaradan çykan Aman maşyna münenden şafýor ýigidiň tukat keşbine ýüzi düşdi.
-Indi saňa näme boldy. Men-ä şugün ýyldyza ýörän ýaly bolandyryn.
-Heşelle kakýanlar bar. Jaň etdiler. Sizi işden aýrypdyrlar.
-Arkaýyn bolsunlar. Entek on gün möhlet berdiler. Oňa çenli çykmadyk janda umyt bar diýleni.
Şafýor sesini çykarman ýola çykdy.
Amany başlykdan beter çaýhanadaky pynhan söýgi hasam oýlandyrdy. ”Ýogsam hasapçy ýigidiň toý edenine iki aý geçipdi. Muny çayçy gyz bilenokmy. Mümkin däl… Alla saklasyn, geň görmedik. Bizde-de bala çaga bar.” Aman geňirgenip eli bilen gapyny tykyrdadynany duýman galdy. Aklyňa Kerim şahyryň şu setirleri geldi.
“Ýeke bir posa üçin, dagdan aşar bürgütler”
Dowamy bar…