Söhbetdeş bolan: Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.
Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde döredilen hususy kärhanalar sanardan köp. Olaryň ýokary hili, elýeterliligi bilen tapawutlanýan önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar. Şeýle hususy kärhanalaryň önümleri giň gerime eýe bolan serginiň çäklerinde ýaýbaňlandyryldy. Indi birnäçe ýyl bäri halkymyza hyzmat edip gelýän Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän “Türkmeniň rysgaly” hususy kärhanasynyň ýokary isleglere mynasyp bolýan önümleri hem sergi pawilýonynda aýratyn orny eýeledi. Kärhananyň söwda bölüminiň müdiri
Merdan JUMABERDIÝEW bilen www.türkmengazet.com saýty üçin söhbetdeş bolanymyzda kärhananyň işi dogrusynda şeýle gürrüň berdi:
— Biziň “Ak bulut” haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanamyz 2016-njy ýylda öz işine başlady. Ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda arassaçylyk we gigiýeniki serişdeleriň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýduk. Hususy kärhanamyzda birnäçe görnüşli senagat önümlerini öndürip halkymyza ýetirýäris. Önümçiligimiziň başynda çygly süpürgiçleri, kir ýuwujy serişdeleri, çaga arlyklaryny öndürip başladyk. Soňra önümlerimiziň sanyny we görnüşlerini köpeldip ugradyk. Olardan antibakterialnyý gaty we suwuk sabynlaryň, saç ýuwujy şampunlaryň, duş gelleriniň dürli görnüşlerini, hojalyk sabynlaryny, bir gezek ulanylýan, 2-3 üç kesijili päkileri, diş ýuwujy we arassalaýjy serişdeleri mysal getirmek bolar.
— Kärhanaňyzyň açylanyna onçakly köp wagt bolmadyk hem bolsa, önümleriňize islegler ýokary. Bu elbetde, önümleriňiziň hiliniň derejesini hasam ýokarlandyrmaga, şol bir wagtyň özünde-de işiňiziň ilerlemegine itergi berýändir.
— Önümçilige başlanymyzda 15-e golaý işgärimiz bardy. Häzirki wagtda kärhanamyzda 100-e golaý ýaş hünärmenler zähmet çekýär. Kärhanamyzda birnäçe bölümler hereket edýär. Olaryň işine degişli hünärmenler gözegçilik edýär. Kärhanamyzda zähmet çekýän ýaş oglan-gyzlaryň aglabasy ýokary bilimli hünärmenler. Olar kärhanamyz açylany bäri daşary döwletlerde bilimlerini kämilleşdirip gelýärler. Önümlerimiz Türkiýeden, Hytaýdan we Şweýsariýadan getirilen enjamlarda öndürilip, arassaçylyk hem ekologiki taýyndan arassalygy, hiliniň ýokarylygy, bahasynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Bir önümi öndürmek üçin azyndan 6 aý gerek. Daşary döwletleriň kärhanalarynyň önümçiliginden ugur alyp, ýurdumyzyň standartlaryna gabat gelýän görnüşde, halkymyzyň isleglerine görä önümlerimizi öndürýäris. Taýýar bolan önümlerimizi ilki ýörite barlaghanamyzda ilini barlaýarys. Soňra Türkmen standartlary döwlet gullugynyň barlagyndan geçirip, ýörite sertifikatlaşdyryp alyjylara ýetirýäris.
Häzirki wagtda önümlerimize içerki bazarda has-da islegler artyp başlady. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän dükanlaryň buýurmalary boýunça eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýarys. Galyberse-de, welaýatymyzda ýerleşýän dükanymyzda önümlerimiz halkymyza ýetirilýär. Önümlerimizi daşary döwletlere — Gazagystana, Gyrgyzystana, Owganystana eksport edýäris. nesip bolsa, geljekde eksport edýän ýurtlarymyzyň sanyny artdyrmak maksadymyz bar. Önümlerimiz köpgörnüşli bolup, dürli ölçeglerde, dürli agramlarda öndürilýär. Mysal üçin, antibakterialnyý şampunlarymyzyň birnäçe görnüşleri bar: ýagly saçlar, gury saçlar üçin, saçlaryň dökülmesine garşy, saçyň düýbüni berkidýän görnüşleri bar. Gaty we suwuk sabynlarymyz, çygly süpürgiçlerimiz hem dürli görnüşlerde bolup, her birini aýratyn at bilen öndürýäris. Olar agramy, hoşboý ysy bilen tapawutlanýar.
— “Türkmeniň rysgalynyň” şu günlerde alyp barýan işleri, şeýle-de geljekki maksatlary dogrusynda bilmek biziň üçin täsirli.
— Häzirki wagtda önümlerimiziň çig mallarynyň 40 göteriminden gowragyny içki bazarlarymyzdan — Gyýanlydaky poliproplen zawodyndan, hususy kärhanalardan alýarys, şeýle-de daşary döwletlerden getirýäris. Nesip bolsa, ýakyn geljekde kärhanamyzyň çägini giňeldip, önümlerimiziň çig mallaryny özümiz öndürmegi meýilleşdirýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň baýramyna täze önümlerimiz bilen sowgatly barmagy maksat edinýäris. Ýurdumyzyň parahatlygyndan, asmanymyzyň päkliginden, arassalygyndan nusga alyp, “Ak bulut” haryt nyşany bilen öndürýän önümlerimize islegleriň barha artmagy bizi guwandyrýar, kärhanamyzyň işini täze önümler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwaty bolan hususy telekeçilik pudagynda alyp barýan işlerimiziň barha ilerlemegine, halkymyzyň isleglerine mynasyp derejede önümleri öndürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il bähbitli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!
— Täsirli gürrüňleriňiz üçin sagboluň. Biz size geljekde-de ýokary hili önümleriňiz bilen müşderileri begendirip durmagyňyzy arzuw edýäris.
— Sagboluň!