Habarlar

Mukamlar köşgünde dabara

24-03-2021 / 9

23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar, Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Önümçilik atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa Türkmenistanyň  Prezidentiniň adyndan döwlet sylagyny hem-de şa serpaýyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.

Ýakynda, 22-nji martda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy, bu ýerde ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Ony milli Liderimiziň hut özi seýisläp ýetişdirdi. Döwlet Baştutanymyz ak mermerli paýtagtymyzyň ýetip gelýän 140 ýyllygynyň hormatyna Akhanyň we Lälegyzyň taýyna Aşgabat diýip at goýdy.

“Bedew batly Türkmenistan!” atly edebi aýdym-sazly maksatnama “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen aýdym, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýelden ýüwrük bedewlerimize bagyşlanan goşgulary, Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň hem-de ençeme beýleki sahna ussatlarynyň çykyşlary girizildi.

Habary TÜRKMENgazet.com saýtynyň habarçysy taýýarlady.

Surata alan: Arslan MÜLLIKOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu