Göwün küýsegi

Gowga

23-03-2021 / 8

Awtory: Wepa Amandurdyýew

 1 BEDRE PAMOÝ

(1-nji bölüm)

Köpetdagy alkymlap otyran Hurmant Gökje obasy. Dagdan şaglap inýän çeşme suwunyň sesi erkana uçup ýören guşlaryň owazyna goşulyp gidýär. Bu ýyl gyş adatkysyndan üýtgeşik gelip, ýaňy güllän erikleriň güllerini döküp gitdi.”Bäh öňlerem-ä şeýle zatlar bolýan eken, ýöne näme üçin könelerden sapak çykarmaýarlar” diýip içini hümmürdedip barýan Aman iş ýerine ýetenini duýman galdy.

-Salamwaleýkum ýaşuly.

-Waleýkumessalam- diýen garawul ýaşuly ukudan galan gözlerini Amana dikip jogap berdi.

-Men diýýän ýaşuly biziň obalarda gyş gijä galyp gar ýaganda muny öňünden bilen adamlar erigiň düýbüne buz gömerdiler güllemez ýaly. Bu ýyl erigi kynrak iýäýmesek.

-Hä inim şeýle- diýen ýaşuly Amanyň sözlerine jogap beren ýaly etse-de agşamky nahardan artyp galan 1 bedre pamoýyny alyp, öýüne tarap ýumlukdy.

Täze işgär

(2-nji bölüm)

Bu bir adatky iş gününiň başlangyjydy. Aman gapysy yraň atyp duran iş otagyna tarap ýöneldi. Onýança işläp ýören gelinleriň biri Amana:

-Başlyk, çaý demläýinmi diýip seslendi.

-Başlyk diňe gök çaý içýändir.

Gapyda duran bir nätanyş gelin Amanyň bu topara ýolbaşçydygyny bilip gözlerini tegeläp:

-Başlyk men siziň ýanyňyza gelipdim. Maňa iş gerekdi.

-Maňa-da işgär- diýip Aman horaşaja garaýagyz gelni hoşamaýlyk bilen garşy aldy-da, stola geçip otyrmanka kärhananyň iş düzgüni bilen tanyşdyryp ugrady.

-Ynha, biziň kärhanamyzyň ekin ýeri. Biz bu ýere esasanam miweli agaçlary ekip ýetişdirýäris. Siziň käriňizem bu ýerlere seretmek haşal otlary ýygnamak bolar. Zähmet hakyňyz ortaça 1500 manat bolar. Siz bilen tanyşaly, ýeri biziň işimiz  sizi kanagatlandyrýarmy.

Gelin Amanyň sözlerini gutarmagyna garaşman:

-Howwa, men razy işlejek- diýip, bir ädim Amana tarap süýşdi-de elindäki resminamalary Amana uzatdy.

Aman gelniň elindäki resminamalary aldy-da, içinden zähmet depderçesini saýlap öňki sahypalaryna seretdi.

-Wii.. siz orta hünärmen bilimiňiz bar. Belki size kärhanadan başgarak işem teklip edip bileris. Munuň üçin men ýöne öz ýolbaşçylarym bilen gürleşmegim gerek.

-Eger bolsa, has gowy, bolmasa şu hem bolýa.

Gelin gözlerini tegeläp aşak bakdy. Birdenkä nirelerden gelen bir pikir Amany mundan 5 ýyl öňe äkitdi. Aman gözlerine gelen ýaşy gizlemek üçin ters tarapa bakdy-da äşgiren boldy. El ýaglygyny kisesinden çykaryp gözlerini syrdy.

”Ah içigara” ýaňky diýlen çaýam şu wagt gelýärä. Çaýçy gelin gapyny açanda ortada galan Aman nirä gaçjagyny bilmän stolda duran kompýutere seretdi. Hernäçe özüne erk etmek islese-de, köne ýatlamalar Amanyň gözünde çygjarma döretdi.

-Başlyk süýji dynypdyr. Dükana gidip geleýinmi?

Aman geplese sesinden tolgunany duýuljakdy. Jogap bermän gözlerini kompýutere dikdi. Çaýçy gelin bu ýagdaýa öňden tanyş bora çemeli. Sesini çykarman täze işgäri gözi bilen ümläp daşary çagyrdy.

Dowamy bar…

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu