HabarlarReportažSöhbetdeşlikTrend we gözellik

Eksklýuziw: MÄHIRLI ZENAN — ÖMRE DOWAM

22-03-2021 / 25

  Asyrlaryň dowamynda mähir siňen el işleri

Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güni, Milli bahar baýramy, şeýle-de Halkara Nowruz baýramy mynasybetli türkmen telekeçileriniň gatnaşmagynda sergi guraldy. Bu sergide türkmen önümçiligi esasy orun alyp, milli öwüşginli döwrebap önümleriň dürli görnüşleri ýerleşdirildi. Zenan dünýäsiniň waspçysy bolan milli el işleri bolsa sergi zalyna aýlanan her bir ynsanyň kalbynda ajaýyp gözelligi döretdi. Biz bu ýerde milli lybaslarymyzy kämil derejede wasp edýän «Mähirli zenan» ady bilen zenan kalbyny milli el işlerimizde açyp görkezýän hususy kärhanasynyň lybaslarynyň deňinde eglendik we bu ýerde şol hususy kärhanany esaslandyryjy lukman zenan Durdylyýewa Aýna Çarymuradowna bilen söhbetdeş bolduk. Bu täsirli söhbetimizi bolsa okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik. 

-Aýna Çarymuradowna, ilki bilen Sizi Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz baýramy, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys.

Bize gyzykly... lukman bolup, milli lybaslarymyza gyzyklanma Sizde nämeden döredi? Söhbetimizi şular dogrusynda başlaýsak.

-Mälim bolşy ýaly, türkmen diýlende milli lybasly oglan ýa-da gyz göz öňüňe gelýär. Men iş saparlary bilen birnäçe döwletlerde bolup gördüm. Her bir ýurt özboluşly milli däp dessura, edim-gylyma eýe. Emma men öz halkymyzyň gelin-gyzlarynyň milli lybaslary ýaly owadan we gelşikli lybaslary görmedim. Çünki bu önümlerde zenan dünýäsi, zenan duýgusy ýaşaýar. Şonuň üçinem milli lybaslarymyzy geýen zenan özboluşly bir gözelligi döredýär. Şu gözellikler, zenan dünýäsiniň syrly älemi hakynda içgin gyzyklanyp, türkmen zenanlarynyň milli lybaslaryna bolan höwesim, gyzyklanmam esasynda şu kärhanany döretmegi makul bildim.

Näme üçin «Mähirli zenan»?

-Mähirli zenan — bu at eşidilende-de adamda ýakymly duýgyny, ajaýyp mähirli zenany ýada salýar. Bu adyň goýulmagyna Tirkeş Mätnazarowyň «Zenan» diýen aýdymy sebäp boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris. Ol aýdymda zenanyň gyzdygy, aýaldygy, joradygy, mähriban enedigi beýan edilýär. Zenanlaryň dünýä dowamydygy, onuň dürli döwürlerdäki mähremligi, edep-ekramy, ruhy-ahlak dünýäsi beýan edilýär.

Nähili önümler taýýarlanylýar?

 -«Mähirli zenan» hususy kärhanamyzda önümçilik 3 görnüşde amala aşyrylýar.

Köpçülik üçin taýýarlanylýan önümler — bulara köpçülikleýin buýurmalar esasynda taýýarlanylýan önümler degişlidir.

Altyn asyr söwda merkezi üçin taýýarlanylýan önümler — erkek adamlar üçin gyýma balaklar, zenanlarymyz üçin ştapyl matasyndan milli biçüwli inçe ýaka goýulan köýnekler, çaga köýneklerini mysal getirip bolar.

Aýratyn nusgalar — satuwa hödürlenýän önümlerimiziň nusgalary gaýtalanmaýar, hersi aýratyn görnüşde ýerine ýetirilýär.

Önümleriň aýratynlyklary.

-«Mähirli zenan» hususy kärhanasynda esasan gyz-gelinlerimiziň ellerinden çykan işler ulanylýar. Islendik nagşy elde ýerine ýetirýäris. Ýene-de bir aýratyn tarapyny belläsim gelýär. Gyzlar el işlerinden keşde, ýaka, milli gyňaçlary, donlary çykarýarlar. Biz köne nusgalary täzeden dikeldip, täze matalara, gadymy nusgalary ulanýarys.

-Sizi buýsandyrýan zat.

-Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda parahat we asuda ýurtda ýaşaýandygyma, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekdäki başlangyçlaryndan ugur alyp, zenan dünýäsiniň gözelliklerini wasp edýän milliliklerimiz bilen meşgullanýandygyma, ykbalymyň ajaýyp zamana gabat gelendigine çäksiz buýsanýaryn.

-Geljekki maksatlaryňyz.

-Maksadyňa ýetmek üçin dogry pikir etmegi başarmak gerek. Dogry pikir, dogry iş mydama ynsany dogry ýoldan ýöremäge getirýär.

Geljekde maksadym «Mähirli zenan» hususy kärhanamyzda ýaş gyzlar üçin ýörite tikinçilik merkezlerini döretmegi meýilleşdirýärin. Adam eli gyzyl gül, onda-da zenan elinden önýän önümler gyzyldan-da gymmatly. Şonuň üçin ene-mamalarymyzdan galan mirasymyzyň has-da pajarlamagy we gyzjagazlarmyzyň ýaşlykdan eli hünärli bolmagy ugrunda şu işimi amala aşyrmak isleýärin.

-Aýna Çarymuradowna, gürrüňdeşligimiziň dowamynda eden söhbediňiz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Zenan dünýäsiniň baý hazynaly älemine syýahat etmekde, olaryň zehinlerini açmakda alyp barýan işleriňizde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

 

-Sagboluň!

 

Söhbetdeş bolan:   Şaperi OTUZOWA,

Surata düşüren: Arslan Müllikow.

 

  

 

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu