HabarlarTrend we gözellik

Moda görkezilişine taýýarlyk

21-03-2021 / 10

Mähribanlar, ozal habar berşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýynyň 22-sine Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň Sergiler zalynda ýurdumyzyň ökde dizaýnerleriniň taýýarlan milli we döwrebap lybaslarynyň dabaraly görkezilişi geçirilýär.

Serginiň dowam edýän günlerinde, sergi zalynda töwerege syn edeniňde, moda görkezilişiniň geçiriljek ýerinde ýokary derejede taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi ünsüňi çekýär. Kimi podyumda ýörişiniň has-da gözel görünmegi üçin keşbe girip, taýýarlyk görýän bolsa, bir gyrada dizaýnerler maslahat edýärdiler. Şeýle-de ol ýerde uly ekranda kompýuter hünärmenleriniň dürli wideolary saradylyp, gaýta-gaýta her bir inçeligini syn edişleri, ertirki dabarada dürli wideoşekilleriniň boljakdygy barada habar berýär.

TURKMENgazet.com saýtynyň döredijilik  topary dabaraly görkezilişe gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikler arzuw edýär.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu