HabarlarReportažSöhbetdeşlik

«Ýedidogan Nur» HJ : önümçilik ugry boýunça ilkinjilerden (sergi dowam edýär)

21-03-2021 / 11

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda uly we kiçi telekeçiligiň ösüşli ýollary mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen häzirki wagtda uly sepgitlere ýetdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde senagat we telekeçilik ulgamy öz mynasyp önümleri, hyzmatlary bilen halkymyza dowamly hyzmat edýärler.

Milli bahar baýramy hem-de Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide telekeçilerimiz öz önümleri bilen gatnaşýarlar. Bu ýerdäki türkmen telekeçileriniň milli öwüşginli, döwrebap äheňli önümleri görenleri haýrana goýýar. Haýrana goýýan önümleriň bolsa türkmenistanly telekeçiler tarapyndan ýola goýulmagy bizi has-da buýsandyrýar. Buýsançly sözleri ýörite hünärmenlerden diňlemek bolsa, has-da ýakymly.  Biz hem şol pursatlara gözli şaýat bolup, geçirilýän dabara öz önümçiligi bilen gatnaşýan «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiniň wekili Kakajan Abdyrasulow bilen söhbetdeş bolduk we bu söhbetdeşligi saýtymyzda ildeşlerimiz bilen paýlaşmagy makul bildik.

-Kakajan, ilki bilen milli bahar baýramy hem-de senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygy mynasybetli Sizi tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Hünär baýramyňyz gutly bolsun.

-Söhbetdeşligimiziň başyny «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiňiziň işe başlan döwründen başlaýsak.

― Ýurdumyzda her bir kärde netijeli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler bar. Biziň «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetimiz 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, 2019-njy ýylda, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda gurlan önümçilik binasynda işe başlady.

 -Önümleriňiz dogrusynda…

― Esasan polipropilen plýonkadan kombinirlenen gaplama materiallary  ýagny polipropilenden ýumşak gaplama örtükleriniň ýüzüne rotograwýur usulynda çuňňur çap etmek görnüşindäki önümler öndürilýär. Ýurdumyzda öndürilýän azyk we azyk däl önümleriniň gaplama işleri üçin gerek bolan önümçiligi alyp barýar.

-Çig mallaryny nirelerden alýarsyňyz?

 ―Türkmenbaşy zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen önümini alýarys. Başga-da önümçilik üçin zerur bolan ýelim, reňkli boýaglar ýaly önümleri häzirki wagtda Türkiýe we Ýaponiýadan alýarys. Geljekde bu önümleri hem ýurdumyzda öndürmek ýaly geljegi uly bolan maksatlarymyz bar.

-Iş alyp barşyňyz dogrusynda söhbetimizi dowam etseňiz.

― Biziň hojalyk jemgyýetimizde esasan öndüriji kärhanalar bilen işleşýäris. Azyk we azyk däl önümleriň daşlaryny gaplama işlerini alyp baryp, müşderilerimiziň islegleri we öz maslahatlarymyz esasynda işlerimiz dowamly alnyp barylýar.

-Önümçiligiňiziň ähmiýeti.

― Hojalyk jemgyýetimiziň önümçiliginiň ähmiýeti barada aýdanymda,  her bir önümiň islegli bolmagy üçin ol önüm hilli we göze ýakymly bolmagy zerurdyr. Biziň alyp barýan gaplama işlerimiz hem belli bir derejede haryt hökmünde satuwa çykarylýan önümleriň göze gelüwli, ýakymly duýgulary oýarýan harytlaryň sanawyna girmeklerinde ähmiýeti uly. Şonuň üçin islendik gaplama daşlarymyzda şol önüme degişli we niýetlenen ýerlerine degişli ýazgylary, suratlary ulanmaga çalyşýarys.

-Öňde goýýan maksatlaryňyz.

― Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda telekeçiligiň ösmegine uly ähmiýet berilýär we bu ugurda gerekli şertleriň ählisi döredilýär. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetimiziň geljekki maksady bolsa, şu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkymyza hyzmat etmekden we önümçiligimiziň görnüşlerini köpeltmekden ybarat.

-Kakajan, söhbetdeşligimize gatnaşyp, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Işiňizde üstünlikleriň ýar bolmagyny, önümçiligiňiziň barha rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

― Sagboluň.

 

Söhbetdeş bolan:  Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu