Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumyadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr.
Nowruz! Bu sözde janlanyşyň we berekediň gapysy açylyp, janly-jandarlara, tebigata dirilik köwserini suw hem-de howa bilen iberýändigini duýurýar. Nowruz-bahar paslynyň hem-de gözelligiň baýramy hasaplanyp, ol öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Nowruz «Täze gün», «Täze ýyl» diýen manylary aňladyp, gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Bu baýramçylyk asyrlaryň jümmüşinden häzirki günlerimize gelip ýeten şatlyk-şowhunly baýramçylykdyr. Bahar paslynyň gelmegini elmydama ýaşaýşyň täzeden başlanýan başlangyjy bilen baglanyşdyrypdyrlar, ol täzeden döreýşiň alamaty hökmünde özi bilen şatlygy getirýär. Şonuň üçin hem bahar baýramy diňe türkmen topragynda däl, eýsem Gündogar halklarynda hem esasy we söýgüli baýramlaryň biri hasaplanýar. Adamlar dogup gelýän Güne gollaryny gerip, ýagtylygyň we ýylylygyň çeşmesi bolan Güni taryplap:
Eý, beýik Güneş,
Sen geleňde tümlük gidýär.
Agyr gyşlar sowulyp,
Ýaramaz ruhlar ýitýär
-diýşip, aýdym aýdypdyrlar. Ine, şeýdip Täze ýylyň täze güni, zemindäki ýaşaýşyň ajaýyp güni-Nowruz başlanypdyr.
Türkmenlerde heniz bu güne çenli ajaýyp däpleriň biri bolan – Nowruzda bugdaý we arpa dänesini ösdürip ýetişdirmek, onuň ösüşine seredip, geljekki hasyly kesgitlemek dowam edip gelýär. «Ýylyň nähili boljagy Nowruzdan görner» diýlen atalar sözi hem ýöne ýere aýdylan däldir. Çünki ýylyň nähili geljekdigini bilmek çarwalar, daýhanlar üçin hem möhüm bolupdyr.
Nowruzda adamlar öýke-kinelerini unudýarlar, parahatçylykly we ylalaşykly ýaşamak üçin bir ýere ýygnanyp, birek-birege sowgat berýärler. Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleri hem Nowruzy öz şygyrlarynda wasp edipdirler. Şabende «Geldi Nowruz, jümleýi älem gülüstandyr bu gün» diýen dürdäne setirleri bilen taryplaýar. Şeýdaýy hem özüniň «Bagy-bossandyr bu gün» atly goşgusynda Nowruzy wasp edipdir. Magtymguly Pyragy hem bahar baýramy bolan Nowruza özüniň «Nowruzdan seni», «Jahan peýda» atly ajaýyp iki goşgusyny bagyşlaýar. Şahyr «Jahan peýda» atly şygrynda ony şeýle taryplaýar:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda ,
Ebrler awaz uryp, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana girip, ederler dahan peýda,
Görmedigiň giýalar, gögerip rowan peýda,
Aýdarlar haýwanatga hem sudy-zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabesde dahan guşlar kylarlar zyban peýda.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, Nowruz baýramynyň 5 müň ýyllyk taryhy bar. 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa kabul edildi.
2016-njy ýylda Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Nowruz baýramyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek baradaky başlangyç döwletleriň bir toparyndan – Özbegistandan, Türkiýeden, Täjigistandan, Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Yrakdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan gelip gowuşdy. Bu ýurtlarda gadymy baýram baharda, gije-gündiziň deňleşýän döwri bellenýär.
Milli bahar baýramyňyz gutly bolsun!
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.