MODA, TREND, GÖZELLIK
Hormatly myhmanlar,
Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň Sergiler zalynda gurnalan ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sergisiniň çäklerinde, 2021-nji ýylyň 22-nji martynda sagat 12:00-da we 18:00-da ýurdumyzyň ökde dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň dabaraly görkezilişiniň geçirilýändigi barada size habar berýäris.
Moda görkezilişinde :
- Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň lybaslary;
- “Mähirli Zenan” modallar öýüniň “Mahmal ýürekli Mähirli Zenan” atly kolleksiýasyndan saýlama lybaslar;
- “Gül Zaman” gül we moda merkeziniň milli lybaslary;
dabaraly ýagdaýda görkeziler.
Mähribanlar, Siziň ähliňizi bu ajaýyp gözellige syn etmäge we dabaranyň hormatly myhmany bolmaga çagyrýarys.
Tasin tazelikleriniz ucin sag bolun. Isiniz ileri. Hemma okamagy maslahat beryan.
Sag bol kop kop