HabarlarReportažTrend we gözellik

Nyşany GERÇEK, bijäňi şundan ÇEK

20-03-2021 / 12

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi netijesinde dürli görnüşli harytlaryň önümçilik sany barha artýar. Ilat durmuşynda gündelik ulanýan zatlaryň biri-de aýakgaplar. Aýakgaplaryň haryt hökmünde ýurdumyzda öndürilmegi we bu önümçiligiň türkmen zenany tarapyndan ýola goýulmagy örän buýsançly. Aýhan Rejepowa tarapyndan esaslandyrylan «Gerçek» haryt nyşanly önümçilik kärhanasynyň önümleri bu günki günde halkymyzyň uly isleglerinden peýdalanýar. Bu önümler barada maglumat almak isleýän bolsaňyz gerek we eger-de şeýle bolsa, döredijilik toparymyz Siziň bu islegleriňize jogap hökmünde telekeçi türkmen zenanymyz bilen söhbetdeş bolduk we ony ýazga geçirip Siz bilen paýlaşmagy makul bildik.

-Aýhan gelneje, ilki bilen biz bilen söhbetdeş bolanyňyza köp sagbolsun aýdýarys.

Ilki bilen önümçilik ýoluňyzdaky ilkinji gadamlaryňyz dogrusynda söhbetimize başlaýaly.

― «Gerçek» haryt nyşanly önümçilik kärhanamyz 2015-nji ýylda işe başlady. Ilki-ilkiler on sekiz, häzirki wagtda  önümçilik kärhanamyzda bäş ýüzden gowrak işçi zähmet çekýär. Olardan hem 70 % gelin-gyzlar bolup durýar.

-Kärhananyň döremeginiň sebäbi.

Türkiýe döwletine gidenimde çaga aýakgap önümçiligine aýlandym welin, görsem etmez ýaly zat däl. Owadan we rahat aýakgaplary görüp, men-de hem şu aýakgaplary öndürmegi höwes etdim. Aslynda aýakgap öndürmek, onuň bezeg işlerini ýerine ýetirmek zenanlara mahsus häsiýet diýip düşünýärin.

-Ilkinji önümleriňiz.

― Ilki çaga köwüşlerinden başladyk. Soňra köp wagt geçmänkä bolsa dürli ýaşdaky raýatlarymyza niýetlenen aýakgaplary öndürip başladyk.

-Aýakgap görnüşleri.

-Dürli ýaşdaky raýatlara dört pasyla görä aýakgap öndürmek ýola goýulan. Ýaz aýlarynda açyk görnüşli, gyşyna bolsa içi sütükli aýakgaplaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bulardan başga-da dürli maksatly, sport aýakgaplarynyň önümçiligi hem kärhanamyzda uly isleg bildirilýän önümleriň biri bolup durýar.

-Reňk babatynda…-

 ― Reňk babatynda aýtsam, bizde ondan gowrak reňkde aýakgap öndürilýär. Reňkleriň sazlaşygy, önümçiligi aýagabyň ölçegine we niýetlenen ýaşdaky raýatlara görä saýlaýarys.

-Aýakgap önümçiligiňizdäki aýratynlyklar.

― Ähli babatda alynanda-da biziň önümlerimiz öz milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Her bir işimiziň içinden millilik eriş-argaç bolup geçýär. Önümçilikdäki ähli aýakgaplara milli äheň berip, milli nagyşlar bilen bezeg işlerini ýerine ýetirýäris.

-Geljekki maksatlaryňyz.

 ― Geljekde maksatlarymyz elbetde dürli görnüşli aýakgap önümçiligini ýola goýmak, halkymyzyň isleglerine görä önüm öndürmekden ybarat.

Ýurdumyzda telekeçilige we önümçiligiň dürli ugurlaryna, import önümleriniň ýerini tutjak türkmen önümlerini öndürmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

-Aýhan gelneje, beren gyzykly gürrrüňleriňiz üçin saýtymyzyň döredijilik toparynyň adyndan köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Janyňyz sag, işleriňiz ugruna bolsun!

 –Sagboluň!

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu