Habarlar

Oýunly sözlük – gyzykly sözlük

19-03-2021 / 19

Atawatan Türkmenistan halkara žurnalynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin esasy platformlaryň birine öwrülip barýan “Makul Sözlügiň” ýene bir aýratynlygy işlenilip taýýarlanyldy.  “Makul Sözlük” çagalar üçin täze bölümi-“Oýunly Sözlügi” taýýarlady.

Bu bölümde, bir topara degişli suratlar, iki-ikiden gelýär. Mysal üçin, camel sözi sesli we ýazmaça görnüşde berilýär  we  bu söz bilen bilelikde, atyň we düýäniň suratlary berilýär. Çagalar bolsa, camel sözüniň atmy ýa-da düýäniň iňlis dilindäki terjimesi bolup durýandygyny biljek bolmaly! Eger çagalar, camel sözi berilýän wagty, atyň suratyny saýlasa, onda, jogap ýalňyş manysyna gelýän ( X) ekrana geler, eger ulanyjy düýäni saýlasa onda, jogap dogry manysyna gelýän şekil ekrana geler!

Şeýlelikde, çagalar ozal taýýarlanylan “Suratly Sözlük” bölüminde öwrenen 375 esasy sözi “Oýunly Sözlük” bölüminiň üsti bilen has gyzykly özleşdirip bilerler!

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu