HabarlarSlider

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Belarusda geçirilýän «Arkalaşygyň Çagalary» forumyna gatnaşýarlar

Belarussiýa

08-07-2025 / 91

Türkmenistanyň wekilleri Belarusda «Naroçanskiý» milli seýilgähiniň çäginde ýerleşýän «Zubrýonok» çagalar merkezinde düýn, 7-nji iýulda badalga berlen «Arkalaşygyň çagalary» atly X Halkara medeni-bilim forumyna gatnaşýarlar. Şu ýyl forum «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna — Ýatlama we nesilleriň agzybirligi» temasyna bagyşlanýar.

Foruma Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan mekdep okuwçylaryndan düzülen wekiliýetler gatnaşýarlar.

Forumyň maksatnamasy Milli Çagalar Tehnologiýalar parkyndan başlanýar — bu ýerde okuwçylara onuň işi bilen tanyşdyrylyp, ylym we innowasiýalar boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu