HabarlarSlider

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Aşgabat

04-07-2025 / 133

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu