
3-4-nji iýulda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammiti geçiriler. Sammite agza döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylary, ministrler, YHG-nyň synçylary, YHG agzasy bolmadyk ýurtlardan ýörite myhmanlar hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Sammitde guramanyň çäklerinde ykdysady integrasiýa arkaly durnukly ösüşe ýetmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
YHG-nyň sebitinde 460 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Sebitiň meýdany 8 million inedördül kilometrden geçýär we ol demirgazygy günorta, günortany gündogar bilen, Aziýany Ýewropa hem-de Ýewraziýany arap dünýäsi bilen birleşdirýär. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan YHG-nyň agzalary hasaplanýar.