
Düýn Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurtda her ýylyň 27-nji iýunynda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, ýurduň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary hem-de talyplar gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurduň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda myhmanlar duz-çörek bilen garşylanyldy. Binanyň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerini, ýurduň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän sergi hem ýaýbaňlandyryldy.
Soňra «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň – dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Onda artistleriň çykyşlary Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň esasy tapgyrlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Konsert tamamlanandan soňra, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän desgasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurduň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.
Soňra çäreler dünýädäki ilkinji we ýeke-täk bugdaý muzeýi bolan Milli «Ak bugdaý» muzeýinde dowam etdi.
Hepdeligiň çäklerinde şu gün «Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýleriň orny» atly muzeý hünärmenleriniň okuw-usuly maslahaty hem geçirildi.
Forumyň çäklerinde Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň döredijilik işgärleriniň usuly maslahaty geçirildi. Agşam bolsa Kaka etrabynyň halk teatrynyň «Şükür bagşy» atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy.
Türkmenistanda şu ýyl Medeniýet hepdeligi «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen geçirilýär.