HabarlarSlider

R.Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistan

16-06-2025 / 48

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Ilçi soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalara Eýranyň garaýşy bilen türkmen tarapyny tanyşdyrdy.

Şol bir wagtda, islendik meseleleriň çözülmeginde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda diplomatik serişdeleriň ulanylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Eýranyň halky üçin wajyp ähmiýeti bolan ynsanperwer meseleleriň dessin çözülmegine berýän hemaýatlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna hoşallygyny bildirdi.

Hususan-da, eýranly diplomat sebitiň goňşy döwletleriniň birine amala aşyran saparyndan soňra Türkmenistanyň çägi bilen Watanyna dolanýan Eýranyň resmi wekiliýetine hemmetaraplaýyn hemaýatyň berilendigi üçin türkmen tarapyna sagbolsunyny beýan etdi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu