
11-nji iýunda Türkmenistanyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Ýurduň bu sebitlerinde oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň gün tertibine orak möwsümini guramaçylykly geçirmek, oňa gatnaşýan ähli tehnikalaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek meseleleri girizildi.
Şu ýyl ýurduň gallaçy daýhanlary 690 müň gektar ýerden azyklyk bugdaýyň 1 million 400 müň tonnasyny ýygnap almagy meýilleşdirýärler. Şol sanda ýurduň demirgazyk sebitiniň ekerançylarynyň öňünde 145 müň gektar bugdaý ekilen meýdandan 265 müň tonna hasyl almak wezipesi goýlandyr. Günbatar sebitiň gallaçylary barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, olaryň döwlet öňündäki borçnamasy 50 müň gektar ýerden 80 müň tonna bugdaý hasylyny almaga deňdir.
Il sylagly ýaşulular ýaş nesliň wekilleriniň uzadan oraklaryny alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny kombaýnçylara berdiler. Soňra ýokary kuwwatlylygy we öndürijiligi bilen tapawutlanýan kombaýnlar bugdaý meýdanynda herekete geçdiler. Dabaralaryň çäklerinde ýurduň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi guralyp, onda häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Şeýle hem sungat ussatlarynyň konserti guraldy.