
Türkiýede ýer yranmasy hasaba alyndy, onuň sarsgyny Stambulda duýuldy. Sarsgynlar şäheriň günbatarynda sagat 21:36-da hasaba alyndy.
Türkiýäniň Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça edarasynyň (AFAD) wekilleriniň maglumatlaryna laýyklykda, ýer yranmanyň merkezi Mermer deňizde, Býukçekmeje etrabynda ýerleşdi, onuň güýji 4 bala deň boldy.
Öň, 23-nji aprelde hem Stambulyň Mermer deňiz ýakasynda güýji 6,2 bala deň bolan ýer sarmasy boldy, onda 236 adam ejir çekdi, pida bolanlar ýok, 4 müňden gowrak bina zeper ýetdi.