HabarlarTrend we gözellik

Doglan günüňiz bilen

19-03-2021 / 8

Hormatly okyjylar! Size şu gün, ýagny 19-njy martda dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Glenn Klous – amerikan aktrisasy we prodýuseri. Vanity Fair-iň bellemegine görä, ol uzak wagtlap öz döwrüniň beýik aktrisalarynyň biri bolupdyr. Glenn Klous birnäçe baýraklaryň eýesidir, şol sanda – üç sany Primetime Emmy Awards, üç sany Tony Awards we ýene üç sany Golden Globe Awards.

Iolana Kabau – ispan-golland aktrisasy, model we telegepleşikleri alypbaryjy.

Mara Hautea Şnitka – Julia Montes ady bilen has meşhur bolup, nemes gelip çykyşy bolan filippnin aktrisasydyr. Ol çagalygynda telewideniýede käbir keşpleri ýerine ýetirip başlaýar we “Gollin Bullilit” filminde hem surata düşýär.

Tanşuri Datta – ozalky hindi modeli we aktrisasy. Ol esasan, Bolliwoodyň filmlerinde surata düşýär. Tanşuri Datta 2004-nji ýylda Hindistanyň miss Universe titulynyň eýesi bolýar we şol ýylda hem Dünýäniň “Miss Universe” atly gözellik bäsleşiginde ilkinji onluga girýär.

Malluary Nataf – fransuz aýdymçysy we aktrisasy.

Biansa Balti – italian modeli.

Enno Çeng – taýwan aýdymçysy we kompozitory, şeýle-de meşhur kinoaktrisa. Häzirki wagtda ol Chocolate Tiger toparynda aýdym aýdýar, şeýle-de solo albomlaryny hem çykarýar.

Taýýarlan: Mähriban Hudaýgulyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu